Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


“Altyn Asyr” bassyr ýedinji çempionlygyny gazandy

 

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 25-nji tapgyrynyň çäginde myhmançylykda “Köpetdag” toparyndan 3:0 hasabynda üstün çykan paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary bassyr ýedinji gezek çempionlyk derejesini gazandy.

Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýän toparynyň mundan öň 2014-nji, 2015-nji, 2016-njy, 2017-nji, 2018-nji  hem-de 2019-njy ýyllarda ýurdumyzyň futbol çempionatyny ýeňiş bilen tamamlandygyny ýatladýarys.

Şunuň bilen bagly Türkmenistanyň Futbol federasiýasy paýtagtymyzyň toparyny nobatdaky çempionlygy bilen gutlaýar.

Bu tapgyrda myhmançylykda çykyş eden “Ahal” “Şagadamdan” 4:0 hasabynda ýňlişe sezewar boldy. 49 utuk toplan “Ahal” topary ýeňlişine garamazdan, wagtyndan öň çempionatymyzyň kümüş medalyna mynasyp boldy. “Şagadam” topary ýaryş tertibinde üçünji orny eýelemegini dowam edýär.

Balkanabadyň “Nebitçisi” myhmançylykda “Energetikden” üstün çykdy (1:5).

Futbol çempionatymyzda nobatdaky duşuşyklary 17-nji noýabrda geçirilip, onda 17-nji tapgyrynyň galdyrylan oýunlarynda “Energetik” – “Aşgabat” hem-de “Ahal” – “Merw” toparlary duşuşarlar.

 

25-nji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:

“Energetik” – “Nebitçi” – 1:5

Gollar: 74 Kemal Mämmedow (“Energetik”) – 33 Serdaraly Ataýew, 45+1 Azat Garajaýew (11 m.j.u.), 45+2 Seýitmämmet Hojamämmedow, 49 Kerim Hojaberdiýew (11 m.j.u.), 59 Alibek Abdyrahmanow (“Nebitçi”)

Duýduryşlar: 18 Aşyr Jimadurdyýew, 25 Mekan Çaryýew, 48 Merdan Paltaýew (“Energetik”) – 23 Saýat Gulyýew, 51 Batyr Geldiýew (“Nebitçi”)

Meýdandan çykarylan: 21 Aşyr Jumadurdyýew, ikinji duýduryş (“Energetik”)

Geçirilen ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.), A.Jumaýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: R.Isaýew (Mary ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

 

 “Şagadam” – “Ahal” – 4:0

Gollar: 19 Merdan Gurbanow, 68 Aşyrgeldi Saryýew, 80 Hydyr Ýakubow, 82 Yhlas Magtymow (“Şagadam”)

Duýduryşlar: 40 Ionel Kosofana, 45+2 Baýramgeldi Nuryýew (“Şagadam”) – 6 Pirmyrat Sultanow, 19 Ilýa Tamurkin, 30 Serdar Annaorazow, 65 Gurbangeldi Aşyrow (“Ahal”)

Meýdandan çykarylan: 31 Ilýa Tamurkin, ikinji duýduryş, 45+2 Gurban Annaýew (“Ahal”)

Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)

 

“Köpetdag” – “Altyn Asyr” – 0:3

Gollar: 42 Selim Ataýew, 54 Altymyrat Annadurdyýew, 71 Mihail Titow (“Altyn Asyr”)

Duýduryşlar: 20 Berdimyrat Rejepow, 38 Bagtyýar Gürgenow, 90 Mekan Saparow (“Altyn Asyr”)

Geçirilen ýeri: “Köpetdag” (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

 

Çempionatyň tablisasy XXV tapgyrdan soň:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

“ALTYN ASYR” FK

25

20

4

1

70-17

64

2.

“AHAL” FK

24

15

4

5

42-22

49

3.

“ŞAGADAM” FK

25

11

7

7

40-25

40

4.

“KÖPETDAG” FK

25

10

7

8

29-23

37

5.

“AŞGABAT” FK

24

8

6

10

29-39

30

6.

“MERW” FK

24

7

3

14

24-38

24

7.

“NEBITÇI” FK

25

7

2

16

27-54

23

8.

“ENERGETIK” FK

24

2

3

19

19-62

9