Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


“Alaý” – “Ahal”: köýnekçelerini belli etdiler

Şu gün “Sun Rise” myhmanhanasynyň konferensler zalynda AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň altynjy tapgyrynyň öňüsyrasy ýörite ýygnanyşyk geçirildi.

Bu duşuşykda “Alaý” (Gyrgyz Respublikasy) bilen “Ahal” (Türkmenistan) toparlary “Merkezi” zolagyň “D” toparçasynyň çäginde özaralarynda duşuşarlar. Geçirilen ýygnanyşykda “Alaýyň” sary, “Ahalyň” bolsa ak köýnekçede çykyş etjekdikleri mälim boldy. Ýeri gelende aýtsak, toparlaryň ikisi-de toparçadan çykmak mümkinçiliklerini wagtyndan öň ýitirdiler.