Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


SONKY HABARLAR

“Ahalyň” AFK-nyň saýlama tapgyryndaky duşuşygynyň eminleri belli boldy

 

Ýurdumyzyň wise-çempiony “Ahalyň” AFK-nyň saýlama tapgyrynyň birinji duşuşygynda eminlik etjek eminler topary belli boldy.

“Alaý” (Gyrgyz Respublikasy) bilen “Ahalyň” arasynda Oş şäherinde geçiriljek AFK-nyň saýlama tapgyrynyň birinji duşuşygynda FIFA-nyň emini omanly Omar Al-Ýakuby eminlik eder. Onuň ildeşleri Raşad Raşid Said Al-Hakmani bilen Hamed Talib Saif Al-Gafri gapdal emin hökmünde kömekleşerler. Ätiýaçdaky eminiň wezipesini Al-Şagsi Halid Marhun (Oman) ýerine ýetirer. Duşuşygyň gözegçi emini Jon Entoni Kosta (Hindistan), komissary Raşid Mahbub Al-dosari (Katar) bolar.

Ýeri gelende aýtsak, omanly emin 2018-nji ýylda AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň çäginde paýtagtymyzyň “Altyn Asyrynyň” myhmançylykda täjikleriň “Istiklolynyň” garşysyna geçirilen duşuşygynda eminlik edipdi. Şol duşuşykda 3:2 hasabynda ýeňiş gazanan paýtagtymyzyň topary toparçadan çykmagy başardypdy. Bilşiňiz ýaly, “Altyn Asyr” soňlugynda bu bäsleşigiň kümüş medalyna mynasyp boldy.

“Ahalyň” AFK-nyň Kubogynyň saýlama tapgyryndaky birinji garşydaşy gyrgyzlaryň “Alaý” topary bolar. Bu toparlaryň arasyndaky birinji duşuşyk 20-nji fewralda Gyrgyz Respublikasynyň Oş şäheriniň “A.Suýumbaýew” adyndaky stadionda geçiriler. Bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen 13:00-da başlanar. Bu toparlaryň arasyndaky jogap duşuşygy 27-nji fewralda Türkmenistanda geçiriler.

Bu garşydaşlykda ýeňiş gazanan ýagdaýynda, “Ahal” ikinji saýlama tapgyrynda Täjigistanyň “Hojand” topary bilen güýç synanyşar.