Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


“Ahal” toparyna futbol çempionatymyzyň kümüş medaly gowşuryldy

 

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň jemi boýunça ikinji orna mynasyp bolan “Ahal” toparynyň sylaglanyş dabarasy geçirildi. Bu dabara 28-nji tapgyryň çäginde “Ahal” bilen “Aşgabat” toparlarynyň arasynda geçirilen (1:2) duşuşygyň yzysüresi bolup geçdi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Tehniki direktory Berdimyrat Nurmyradowyň gatnaşmagynda “Aşgabat” stadionynda geçirilen baýrak gowşurylyş dabarasynda “Ahal” toparyna çempionatymyzyň kümüş medaly dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Şeýle-de, “Ahal” toparynyň ýaşlar düzümi bolan «Ahal II» toparyna bürünç medal gowşuryldy.

Ýeri gelende bellesek, “Ahal” çempionatymyzyň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda kümüş medaly gazanmagy başarypdy.

«Ahal II» topary bolsa ikinji gezek geçirilen Ýokary liganyň ýaşlar düzümleriniň arasyndaky birinjilikde bürünç medala mynasyp boldy.