Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


“Ahal” birinji orna dolandy

 

Futbol çempionatymyzyň 14-nji tapgyrynyň soňky duşuşygynda “Energetikden” 2:1 hasabynda üstün çykan “Ahal” ýaryş tertibinde birinji orna dolandy.

Deňeçer geçen oýunda hasaby ilki bolup “Ahal” açdy. 33-nji minutda toparyň oýunçysy Güýçmyrat Annagulyýew 11 metrlik jerime urgusyndan tapawutlandy. Birinji ýaryma goşulan goşmaça wagtda bolsa tejribeli Guwanç Abylow top bilen 20-30 metr aralygy geçip, bu tapgyryň iň owadan goluny derwezeden geçirdi. Ikinji ýarymyň ilkinji minutlaryny hüjümde geçiren “Energetik” 49-njy minutda Muhammet Astanowyň goly bilen jogap berdi. Şondan soňky edilen hüjümler netije bermedi. Şeýlelikde, utugyny 25-e ýetiren “Ahal” birinji orna dolandy. Ýaryş tertibinde ikinji, üçünji orunlary degişlilikde “Şagadam” (25 utuk) bilen “Altyn Asyr” (23 utuk) toparlary eýeleýärler.

 “Ahal” – “Energetik” – 2:1

Gollar: Güýçmyrat Annagulyýew 33 (11 m.j.u.), Guwanç Abylow 45+1 (“Ahal”) – Muhammet Astanow 49 (“Energetik”)

Duýduryşlar: Wezirgeldi Ylýasow 42, Güýçmyrat Annagulyýew 87 (“Ahal”) – Şazada Bäşimow 40, Rasul Saparbaýew 42, Parahat Jumanazarow 85, Mirza Beknazarow 86 (“Energetik”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: W.Baratow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçylar: 300

 

“tff.com.tm”