Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


“Ahal” AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşigigine gatnaşyp bilmez

 

Futbol boýunça Türkmenistanyň wise-çempiony “Ahal” AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşigine düşüp bilmedi. Türkmen topary pleý-off tapgyrynda iki oýnuň netijesinde täjikleriň “Hujand” toparyndan asgyn geldi.

Aşgabatda geçirilen duşuşykda garşydaşy bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnan toparymyz myhmançylykda geçiren duşuşygyny 0:0 hasabynda deňlikde geçirdi.

“Hujand” topary myhmançylyka geçiren goly esasynda toparçýalaýyn bäsleşikde çykyş etmäge mümkinçilik aldy.

Şeýlelikde, “Hujand” AFK-nyň toparçalaýyn bäsleşikde çykyş eder. Onuň garşydaşlary “Altyn Asyr” (Türkmenistan”), “Istiklol” (Täjigistan) hem-de “Dordoý” (Gyrgyz Respublikasy) toparlary bolar.

AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşigi 3-nji aprelde başlanar. Birinji tapgyrda “Altyn Asyr” myhmançylykda Bişkegiň “Dordoýy” bilen duşuşar. “Istiklol” bolsa “Hujandy” kabul eder.