Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


SONKY HABARLAR

“Ahal” – “Hujand”: toparlaryň çykyş etjek köýnekçeleri belli boldy

12-nji fewralda “Sport toplumy” stadionynyň konferens zalynda AFK kubogynyň pleý-off tapgyrynyň birinji duşuşygynda güýç synanyşýan toparlaryň – “Ahal” bilen “Hujandyň” resmi wekilleriniň hem-de şu oýna dahylly resmi adamlaryň gatnaşmagynda oýnuň öňýanyndaky ýygnanyşyk geçirildi.

Şeýle-de, ýygnanyşygyň dowamynda ertirki oýunda toparlaryň meýdança çykjak köýnekçeleri mälim edildi. “Ahal” topary ýer eýesi hökmünde adaty ak, “Hujand” topary bolsa gök köýnekçede çykyş eder.

AFK kubogynyň pleý-off  tapgyrynda “Ahal” bilen “Hujandyň” arasyndaky duşuşygyň 13-nji ýanwarda Balkanabat şäherinde geçirilýändigini ýatladýarys.  Bu duşuşyk 15:00-da başlanar.

Hezret Hojagulyýew,

“tff.com.tm” saýtynyň Balkan welaýaty boýunça öz habarçysy.