Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


“Şagadamyň” düzümine täze oýunçylar goşuldylar

 

Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadam” topary täze möwsümiň öňüsyrasy täze oýunçylaryň birnäçesini düzümine goşdy.

“Şagadamyň” düzümine “Energetikden” derwezeçi Sergeý Kuznesow, Ýunus Hürmenow, paýtagtymyzyň “Aşgabadyndan” Sirožitdin Jumanyýazow, Balkanabadyň “Nebitçisiniň” oýunçylary Arslan Paizow, Yhlas Magtymow, Döwlet Nazarow, “Köpetdag-1” toparynyň düzüminde Türkmenistanyň birinji ligasynyň ýeňijisi bolan Musa Nurnazarow bilen Maksat Myradow, şeýle-de, geçen möwsümi Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäheriniň “Alga” toparynda geçiren Serdaraly Ataýew dagy goşuldylar.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadamy”  möwsüme taýýarlygynyň ikinji tapgyryny Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirer. “Şagadamyň” Antalýadaky okuw-türgenleşigi 15-nji fewral – 1-nji mart aralygynda geçiriler. Aleksandr Klimenkonyň tälim berýänleri okuw-türgenleşiginiň dowamynda ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesini geçirer. “Şagadam” birinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirdi.

“Şagadam” toparynyň geçen möwsümde Türkmenistanyň futbol çempionatyny 4-nji orunda tamamlandygyny ýatladýarys. Türkmenbaşy şäheriniň topary geçiren 28 duşuşygynda 41 utuk toplamagy başardy.