Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


SONKY HABARLAR

“Şagadam” birinji orna geçdi

 

Futbol çempionatymyzyň 14-nji tapgyrynda Aýmämmet Sähetmämmedowyň dürs urgusyndan soň öz meýdançasynda “Aşgabatdan” üstün çykan Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadamy” toplan 25 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji orna geçdi.

Şowsuz çykyşy dowam edýän geçen ýylyň çempiony “Altyn Asyr” bu tapgyrda “Merwi” ýeňip bilmedi. Ikitaraplaýyn hüjümlere baý bolan bu duşuşyk 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Bu deňliginden soň 23 utugy bolan “Altyn Asyr” eýeleýän üçünji ornuny saklap galdy.

14-nji tapgyryň soňky duşuşygy 10-njy iýunda “Ahal” bilen “Energetigiň” arasynda geçiriler. Bu duşuşykda ýeňiş gazanan ýagdaýynda “Ahal” birinji orna dolanar.

 

 “Şagadam” – “Aşgabat” – 1:0

Gol: Aýmämmet Sähetmämmedow 77 (“Şagadam”)

Duýduryşlar: Y.Akyýew 38, D.Sarkisow 48, Y.Mamedow 90+1, P.Gazakow 90+4 ("Aşgabat")

Meýdançadan çykarylan: G.Koçumow 81 (iki duýduryş) ("Aşgabat")

Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Tomaşaçylar: 300

 

 “Altyn Asyr” – “Merw” – 1:1

Gollar: Selim Nurmyradow 9 (“Altyn Asyr”) – Maksat Atagarryýew 26 (“Merw”)

(6-njy minutda Murat Ýakşiýew (“Altyn Asyr”) 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi).

Duýduryşlar: S.Annaorazow 13, M.Saparow 53 (“Altyn Asyr”) – M.Saparow 6, S.Annamämmedow 8, I.Tamurkin 44 (“Merw”)

Geçirilen ýeri: “Diller merkezi” (öňki HTTU) stadiony (Aşgabat ş)

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: B.Urazsahatow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçylar: 200

 

“tff.com.tm”