Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Ýygyndymyzyň düzümine çagyrylan 23 oýunçy belli boldy

Ýurdumyzyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň 2019-njy ýylda BAE-de geçiriljek Aziýa çempionatynyň final tapgyryna gatnaşmak mümkinçiligi örän ýokary.

Taryhynda ikinji gezek yklym derejesindäki ýaryşyň final tapgyrynyň bosagasynda duran milli ýygyndymyz 14-nji noýabrda Balkanabat şäheriniň merkezi stadionynda Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndysyny kabul eder. Saýlama tapgyrynda “E” toparçasynda çykyş edýän milli ýygyndymyzyň geçiren dört duşuşygynda 7 utuk toplandygyny ýatladýarys. Şol sebäpli-de, ýygyndymyz Hytaý Taýpeýinden üstün çykan ýagdaýynda saýlama tapgyrçasynyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda arzyly ýollanmany gazanar. Geçirilen dört tapgyrdan soň Bahreýn bilen Türkmenistanyň milli ýygyndylary 7 utukdan toplandyklaryny ýatladýarys. 6 utugy bolan Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysy üçünji orny eýeleýän bolsa, onda Singapuryň ýygyndysy 2 utugy bilen dördünji orunda barýar.

Wajyp oýnuň öňüsyrasy milli ýygyndymyz 8-13-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde okuw-türgenleşik işlerini geçirýär. Bu duşuşykda Şri-Lankadan gelen eminler eminlik ederler. Duşuşyga Hettikankanamge Krishantha Dilan Perrera (Şri Lanka)eminlik eder.Oýnuň eminine Palliýa Guruge Priýanga Namal hem-de Deniýe Gedara Palitha Parakkrama Hemathunga (ikisi-de Şri Lanka) ýardam ederler. Gözegçi eminiň wezipesini yrakly Kadhum Auda Lazim Al-Saedi ýerine ýetirer. Duşuşygyň komissary bolsa filippinli Riçard Del Fonso Joson bolar.

                                                      

Milli ýygyndymyzyň düzümine çagyrylan  23 futbolçynyň sanawy:

Orazmuhammedow Mämmet, Astanow Nurgeldi, Söýunow Şöhrat, Jumanazarow Akmyrat, JumanazarowParahat, Batyrow Gurbangeldi, Orazalyýew Döwran, Hojaahmedow Bahtiýar, Saparow Mekan, Annaorazow Serdar, Geldiýew Serdar, Astanow Umidjan, Hojaýew Resul, Amanow Arslanmyrat, Annadurdyýew Altymyrat, Gorbunow Nikita, Tamurkin Ilýa, Annaýew Myrat, Ataýew Ahmet, Gurbanow Merdan, Annagurbanow Begenç, Ýakşiýew Murat, Orazsähedow Wahyt.

Toparyň tälimçileridir administrasiýasy:

Hojageldiýew Ýazguly (baş tälimçi), Seýdiýew Çaryýarguly (tälimçi), Baýlyýew Rahmanguly (tälimçi), Şamyradow Maksatmyrat (tälimçi), Gylyjow Döwlet (lukman), Garaýew Begenç (owkalaýjy), Hajyýew Kyýas (owkalaýjy), Kiçigulow Kiçigul (Ýygyndynyň iş dolandyryjysy), Halow Taganmämmet (Ýygyndynyň iş dolandyryjysy).