Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Ýurdumyzyň futbol çempionatyna badalga berildi

 

Nobatdaky gezek geçirilýän ýurdumyzyň futbol çempionatyna badalga berildi. Paýtagtymyzda “Nebitçini” kabul eden geçen ýylyň çempiony “Altyn Asyr” 5:2 hasabynda ýeňiş gazandy. Bu duşuşykda paýtagtymyzyň toparynyň hüjümçileri Altymyrat Annadurdyýew bilen Murat Ýakşiýew hersi iki top geçirmegi başardylar. Bu duşuşygy ýokary derejede geçiren Myrat Annaýew bolsa bir topy öz adyna ýazdyrdy. Duşuşygyň dowamynda A.Annadurdyýewyň 11 metrlik urgyny geçirip bilmändigini bellemek gerek.

Türkmenbaşyda “Merwi” kabul eden “Şagadam” Baýramgeldi Nurlyýewiň netijeli urgusyndan soň 1:0 hasabyndaky ýeňşini baýram etdi. Maryda “Energetik” bilen duşuşan paýtagtymyzyň “Köpetdagy” jogapsyz toplaryň üçüsini geçirmegiň hötdesinden geldi.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary 16-17-nji martda geçiriler.

 

1-nji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:

 “Altyn Asyr” – “Nebitçi” – 5:2

Gollar: 9’, 19’ Altymyrat Annadurdyýew, 22’, 47’ Murat Ýakşiýew, 44’ Myrat Annaýew (“Altyn Asyr”) – 33’ Aşyrgeldi Ylýasow (11 m.j.u.), 86’ Akmämmet Metdäýew (“Nebitçi”)

Bellik: Duşuşygyň 31-nji minutynda Altymyrat Annadurdyýew 11 metrlik urgyny dürs ýerine ýetirip bilmedi)

Duýduryşlar: 26’ Serdar Geldiýew, 31’ Bagtyýar Gürgenow (“Altyn Asyr”) – 36’ Alikper Kerimow (“Nebitçi”)

Tomaşaçy sany: 400

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Gapdal eminler: A. Jumaýew, M.Nurberdiýew (ikisi-de Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: K.Seýdow (Aşgabat ş.)

 

 “Energetik” – “Köpetdag” – 0:3

Gollar: 9’ Baýramgeldi Gulmaýew, 59’, 83’ Nurýagdy Muhammedow (“Köpetdag”)

Duýduryşlar: 61’ Döwlet Mirsultanow, 73’ Alibek Abdyrahmanow, 81’ Serdar Annamämmedow (“Energetik”) – 52’ Serdar Baýramow, 55’ Baýramgeldi Berdiýew (“Köpetdag”)

Tomaşaçy sany: 1500

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Gapdal eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), R. Ereşow (Türkmenabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: R.Isaýew (Mary ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş)

 

 “Şagadam” – “Merw” – 1:0

Gol: 79’ Baýramgeldi Nurlyýew (“Şagadam”)

Duýduryşlar: 9’ Toýmämmet Sähetmämmedow, 32’ Daýanç  Orazalyýew, 60’ Ata Geldiýew (“Şagadam”) – 63’ Myratgeldi Gurbangeldiýew, 69’ Ilýa Tamurkin, 87’ Bahtiýar Hojaahmedow (“Merw”)

Meýdandan çykarylan: 81’ Myratgeldi Gurbangeldiýew (ikinji duýduryş, “Merw”)

Tomaşaçy sany: 500

Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gapdal eminler: M.Allaberdiýew, N.Garajaýew (ikisi-de Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

 

 “Ahal” – “Aşgabat” (geçirilen)