Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Ýokary liga wekilçilik edýän toparlaryň bäşisi AFK-nyň ygtyýarnamasyny üstünlikli geçdiler

 

Futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynda çykyş edýän toparlaryň bäşisi – “Köpetdag”, “Altyn Asyr”, “Ahal”, “Şagadam” hem-de “Merw” toparlary AFK-nyň Çempionlar ligasynda hem-de AFK-nyň Kubogynda çykyş etmäge mümkinçilik berýän ygtyýarnamany üstünlikli geçmegi başardylar.

Şeýlelikde, paýtagtymyzyň  “Köpetdag” kluby 2021-nji ýylda AFK-nyň Çempionlar ligasnda çykyş etmäge mümkinçilik berýän ygtyýarnamany üstünlikli tabşyrdy.

“Altyn Asyr”, “Ahal”, “Şagadam” hem-de “Merw” toparlary bolsa AFK-nyň Kubogyna gatnaşmaga mümkinçilik berýän ygtyýarnamany üstünlikli geçdiler.