Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty başlandy

Türkmenistanyň Sport  we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda 2001-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatyň birinji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. 

Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň Gökje ýaşaýyş toplumynyň sport meýdançasynda 21-nji maýa çenli dowam etjek ýurdumyzyň birinjiligine Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlarymyzyň toparlary gatnaşýarlar. 8 toparyň gatnaşmagyndaky çempionat iki toparçada geçirilýär.

Birinji tapgyryň duşuşyklary:

“A” topar

“Daşoguz” – “Mary” – 0:4

FSM – “Lebap” – 2:1

 

“B” topar

“Balkan” – “Olimp” – 0:1

“Ahal” – GOÝÇÝSM – 3:2