Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Ýetginjekler ýygyndymyz halkara ýaryşyna taýýarlanýar

 

2004-nji ýylda doglan ýetginjeklerden düzülen ýygyndy toparymyz 20-31-nji iýul aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçiriljek halkara ýaryşyna taýýarlyk işlerine başlady. 8-15-nji iýul aralygynda Aşgabatda geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna futbolçylaryň 24-si gatnaşýar. Okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň netijesinde Merkezi Aziýa futbol Assosiasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşda çykyş etjek futbolçylaryň 18-si seçilip alnar.

Halkara ýaryşyna Merkezi Aziýa zolagyna girýän ýygyndylaryň altysynyň (Türkmenistan, Eýran, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Owganystan) hem gatnaşmaga isleg bildirendigini ýatladýarys.

Ýetginjekler ýygyndymyz abraýly ýaryşa Batyr Şyhyýewiň (baş tälimçi), Wladimir Milleriň, Annaesen Meňliýewiň hem-de Ahmet Jumamyradowyň (baş tälimçiniň kömekçileri) ýolbaşçylygynda taýýarlanýar.

Bu ýaryşda ýurdumyza wekilçilik edýän FIFA-nyň eminleri Jumamyrat Jumamyradow, Berdimämmet Atdyýew hem-de birinji dereleji emin Nariman Garajaýewiň eminlik etjekdiklerini aýratyn bellemek gerek.