Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Ýazguly Hojageldiýew: “Ýeňiş gazanmak üçin öz oýnumyzy öňe sürmeli”

“Aziýa-2019” kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäginde Balkanabat şäheriniň “Sport toplumy” stadionynda 14-nji noýabrda Türkmenistanyň hem-de Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek saýlama tapgyrynyň duşuşygynyň öňüsyrasy Türkmenistanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň gatnaşmagynda metbugat ýygnagy geçirildi.

- Saýlama tapgyrynyň wajyp duşuşygyny Balkanabat şäherinde geçirmegiňiziň esasy sebäbi nämeden ybarat?

- Ilkinji nobatda meýdança. Gyşyň golaýlamagy bilen Paýtagtymyzdaky otly meýdançada azda-kände dürs oýun geçirmek kynrak düşýär. Şol sebäpli-de, Balkanabadyň “Sport toplumy” stadionyndaky emeli otly meýdançasy biziň oýnumyza has kybap gelýär.

- Janköýerlerimizi gyzyklandyrýan esasy soraglaryň biri bolan daşary ýurt toparlarynda çykyş edýän Ruslan Mingazow bilen Elman Tagaýewiň çykyş edip bilmezligine näme sebäp boldy?

- Ikisi-de häzirki wagtda şikesli. Şol sebäpli hem olary çagyryp bilmedik.

- Ýurdumyzyň öňdebaryjy topary bolan “Altyn Asyry” hem-de şol bir wagtda milli ýygyndymyzy türgenleşdirmek size kyn düşmeýärmi?

- Kynçylyk elmydama-da döreýär. Ýöne muňa garamazdan, hersiniň özüniň aýry-aýry taýynlygy bar. Häzirki wagtda ýurdumyzda futboly ösdürmäge ähli mümkinçilikler döredilip dur. Şonuň üçinem maňa ýygyndy bilen topary birbada türgenleşdirmekde hiç-hili kynçylyk döretmeýär.

- Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysyny ýeňeniňizden soň onuň tälimçisi çalşyryldy. Bu milli ýygyndynyň oýny soňky döwür düýpgöter üýtgedi. Siz bu barada näme aýdyp bilersiňiz?

- Elbetde, täze tälimçi gelende oýun üýtgäp biler. Her tälimçi oýunda öz taktikasyny öňe sürýär. Biziň öz taktikamyz, olaryň bolsa öz saýlap alan taktikasy bar. Şonuň üçinem esasy zat, biz ýeňiş gazanmak üçin öz oýnumyzy öňe sürmäge çalyşmaly.

 

- Milli ýygyndymyzyň oýunçysy Gurbangeldi Batyrowa bir sorag

Milli ýygyndymyzyň oýunçylarynyň arasyndaky umumy ýagdaý hakynda näme aýdyp bilersiňiz?

- Oglanlarymyzyň türgenleşikleri ýeterlik derejede. Olaryň hemmesi wajyp oýny geçirýändigimize doly düşünýärler. Tälimçimizem bize her pursat oýnuň wajypdygyny aýdyp dur. Şonuň üçinem diňe ýeňiş gazanmak üçin meýdança çykarys.