Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Ýaryş tablissasynyň öňbaşçylary belli boldy

Türkmenistanyň Sport  we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň bilelikde guramagynda 2001-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça Milli bahar baýramyna bagyşlap geçirýän bäsleşigiň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. 

Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň Gökje ýaşaýyş toplumynyň sport meýdançasynda geçirilýän bäsleşik 4-nji marta çenli dowam eder.

Gatnaşýan toparlar:                  

FSM (Aşgabat şäheriniň Sport baradaky komitetiniň Futbol sport mekdebiniň ýygyndy topary)

GOÝÇÝSM (Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebi)

“Olimp” (Olimp orta sport mekdebi)

“Taslama” (Aşgabat şäheriniň 3-nji toplumlaýyn sport mekdebi)

“Ahal” (Ahal welaýaty)

 

Ýaryşyň tablisasy II tapgyrdan soň:

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1

GOÝÇÝSM

2

1

1

0

3-1

4

2

FSM

1

1

0

0

7-2

3

3

“TASLAMA”

2

1

0

1

5-7

3

4

“OLIMP”

1

0

1

0

0-0

1

5

“AHAL”

2

0

0

2

1:6

0

 

11.02.2018 ý. II tapgyr:

 

 

“Ahal” – GOÝÇÝSM – 1:3

 

 

FSM – “Taslama” – 7:2

                                                Dynç: “Olimp”

                                               ***

Milli bahar baýramy mynasybetli 2004-nji ýylda doglanlaryň arasyndaky geçirilýän bäsleşikde 11-nji fewralda birinji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Bir aýlawda geçiriljek bäsleşige alty topar gatnaşýar – FSM (Aşgabat şäheriniň Futbol sport mekdebiniň ýygyndy topary), GOÝÇÝSM-I, GOÝÇÝSM-II (Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebi), “Gökje”, “Bagyr” (Aşgabat şäheriniň 3-nji toplumlaýyn sport mekdebi) hem-de “Ahal” (Ahal welaýaty).

Ahal welaýatynyň Änew şäherindäki “Sport desgasynda” geçirilýän futbol bäsleşigi 11-nji marta çenli dowam eder.

1-nji tapgyryň netijeleri:      

 GOÝÇÝSM-I – “Ahal” – 2:0

FSM – “Bagyr” – 0:3

“Gökje” – GOÝÇÝSM-II – 0:1

“tff.com.tm”