Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


SONKY HABARLAR

Ýaşlar ýygyndymyz okuw türgenleşigini ýeňiş bilen tamamlady

 

2019-njy ýylda futzal boýunça geçiriljek Aziýa çempionatyna taýýarlyk işlerini geçirýän futzal boýunça ýaşlar (U20) ýygyndymyz okuw-türgenleşigindäki üçünji ýoldaşlyk duşuşygynda hem ýeňiş gazandy. Guwanç Kanaýewiň ýolbaşçylygynda Russiýanyň Moskwa oblastynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän ýaşlar ýygyndymyz üçünji ýoldaşlyk duşuşygynda ýerli “Witýaz” toparyny 5:3 hasabynda ýeňmegi başardy. Ýygyndy toparymyzyň gollaryny Arzuw Sapargulyýew (3), Şatlyk Babaýew hem-de Meýlis Hoşmyradow geçirdiler.

Şeýlelikde, ýaşlar ýygyndymyzyň geçiren ýoldaşlyk duşuşyklarynyň üçüsini hem öz peýdasyna tamamlady. Ýaş futzalçylarymyz mundan öňki duşuşyklarynda “Wenýukowa Çehow” toparyndan 8:6, “Mytişşi” toparyny bolsa 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdi.