Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Çempion soňky tapgyrda kesgitlendi

 

Birinji liga futbol toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň Aşgabat şäheriniň zolaklaýyn ýaryşynyň onunjy tapgyrynyň duşuşyklary geçirilip, onuň netijesinde “Köpetdag” topary birinji orna mynasyp boldy.

“Hasyly” kabul eden “Köpetdag” 3:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, toplan 25 utugy bilen birinjiligiň ýeňijisi bolup, jemleýji bäsleşige gatnaşmaga mümkinçilik aldy. 24 utuk toplan “Hasyl” ýaryşy ikinji orunda tamamlady.

Tapgyryň beýleki duşuşygynda “Kerwen” “Binagäri” 5:1 hasabynda ýeňip, ýaryşyň jemi boýunça üçünji orny eýeledi.

Birinjiligiň jemi boýunça “Hasyl” toparynyň oýunçysy Ysmaýyl Öwekow derwezelere geçiren 10 goly bilen iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda öňdeligi eýeledi.

Birinji liga futbol toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinde geçirilýändigini bellemek gerek.

Birinjilikde ýeňiş gazanan toparlar jemleýji ýaryşda çykyş etmäge mümkinçilik alarlar.

 

X tapgyryň netijeleri:

Oýun 28.

“Köpetdag” – “Hasyl”

3-0

Oýun 29.

“Kerwen”–“Binagär”

5-1

Oýun 30.     

“Olimp”– GOÝÇÝSM

+:-

 

                                                                                                                                                 Ýaryş tertibi X tapgyrdan soň:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

“Köpetdag”

10

8

1

1

38-10

25

2.

“Hasyl”

10

8

0

2

32-25

24

3.

“Kerwen”

10

7

1

2

35-11

22

4.

“Binagär”

10

4

0

6

24-39

12

5.

“Olimp”

10

2

0

8

11-42

6

6.

GOÝÇÝSM

10

0

0

10

2-15

0

 

 

Iň köp top geçiren:

1.

Öwekow Ysmaýylmuhammet

“Hasyl”     –

10 top