Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Çärýekfinalyň bijeleri çekildi

 

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň nobatdakysynyň bijeleri çekildi. Bu gezekki bäsleşige Ýokary liganyň 8 topary (“Altyn Asyr”, “Ahal”, “Aşgabat”, “Şagadam”, “Balkan”, “Merw”, “Energetik”, “Köpetdag”) bilen birlikde birinji liganyň wekili Tejen şäheriniň “Tejen” topary gatnaşar.

Kubok bäsleşiginde ilki “Tejen” bilen “Balkan” toparlary duşuşarlar. Olaryň arasyndaky birinji duşuşyk 27-nji iýulda Balkanabatda, jogap oýny bolsa 30-njy iýulda Tejen ýa-da Aşgabat şäherinde geçiriler. Bu toparlaryň arasyndaky ýeňiji kubok bäsleşiginiň çärýekfinalynda ýurdumyzyň çempiony “Altyn Asyr” bilen duşuşar.

Çärýekfinal duşuşyklarynyň arasynda Mary welaýatyna wekilçilik edýän toparlaryň (“Merw” – “Energetik”) çärýekfinalda özaralarynda duşuşýandyklaryny aýratyn bellemek gerek. Bu jübütiň ýeňijisi ýarymfinalda “Altyn Asyr” – “Balkan”/“Tejen” toparlarynyň arasyndaky ýeňiji bilen bäsleşer.

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň çärýekfinalynyň birinji duşuşyklary 7-nji, jogap oýunlary bolsa 14-nji awgustda geçiriler. Tertipde birinji görkezilen toparlar ilkinji duşuşyklary öz meýdançalarynda geçirerler.

Çärýekfinalyň tertibi:

“Aşgabat” – “Ahal”/“Şagadam – “Köpetdag”

“Merw” – “Energetik”/“Altyn Asyr” – “”Balkan”/“Tejen”