Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


«Köpetdag II» topary «Altyn Asyryň» ýaşlar düzümini ýeňlişe sezewar etdi

 

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 11-nji tapgyrynyň çäginde geçirilen duşuşykda «Köpetdag» hem-de «Altyn Asyr» toparlarynyň ýaşlar düzümi güýç synanyşdylar.

Bu duşuşyk garaşylmadyk ýagdaýda «Köpetdag II» toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Öz meýdanynda 3:2 hasabynda üstün çykan «Köpetdag II» toplan 21 utugy bilen ýaryş tertibinde üçünji orny eýeleýär.

30 utugy bolan «Altyn Asyr II» toparynyň ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýändigini ýatladýarys.

Futbol birinjiliginiň 11-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşygy 28-nji maýda geçirilip, onda «Energetik II» – «Nebitçi II» toparlary duşuşarlar.

 «Şagadam II» – «Ahal II» toparlaryň arasyndaky bu tapgyryň duşuşygy 20-nji iýuna süýşürildi.

 

Geçirilen duşuşygyň netijesi:

 «Köpetdag II» – «Altyn Asyr II» – 3:2

Gollar: 7 Röwşen Begjanow, 37 Salim Umarow, 90, 11 m.j.u. Arzuw Allaberdiýew («Köpetdag II») – 49, 87 Oraz Orazow («Altyn Asyr II»)

Bellik: Duşuşygyň 45-nji minutynda «Altyn Asyr II» toparynyň oýunçysy Şamämmet Hydyrow 11 metrlik urgusyny nädürs ýerine ýetirdi.

 

Çempionatyň tablisasy:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

«ALTYN ASYR II»

11

10

0

1

45-9

30

2.

«NEBITÇI II»

10

6

3

1

19-10

21

3.

«KÖPETDAG II»

11

7

0

4

28-17

21

4.

«AHAL II»

9

4

2

3

15-18

14

5.

«AŞGABAT II»

10

3

1

6

20-19

10

6.

«MERW II»

11

3

1

7

14-31

10

7.

«ENERGETIK II»

10

3

0

7

9-24

9

8.

«ŞAGADAM II»

10

1

1

8

8-30

4