Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


«Energetik II» «Nebitçi» toparynyň ýaşlar düzüminden üstün çykdy

 

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 11-nji tapgyrynyň jemleýji oýnunda «Energetik II» topary öz meýdanynda Balkanabadyň «Nebitçisiniň» ýaşlar düzümini 4:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Häzirki wagta çenli geçirilen duşuşyklardan soň 30 utuk toplan «Altyn Asyr II» topary ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýär. Ikinji, üçünji orunlary degişlilikde 21 utukdan toplan «Nebitçi II» hem-de «Köpetdag II» toparlary eýeleýärler.

Futbol birinjiliginiň 12-nji tapgyrynda «Altyn Asyr II» – «Energetik II» (31.05.2020 ý.), «Nebitçi II» – «Aşgabat II» (31.05.2020 ý.), «Ahal II» – «Köpetdag II» (01.06.2020 ý.) hem-de «Merw II» – «Şagadam II» (03.06.2020 ý.) toparlary duşuşarlar.

 

Geçirilen duşuşygyň netijesi:

 «Energetik II» – «Nebitçi II» – 4:2

Gollar: 57 Maksat Hojanyýazow, 66 (11 m,j.u.), 84  Rahym Seýidow, 76 Alikper Musaibow («Energetik»)  – 26, 79 Ýylgaýguly Abdyllaýew («Nebitçi II»)

Bellik: Oýnuň 87-nji minutynda «Nebitçi II» toparynyň oýunçysy Ýylgaýguly Abdyllaýew 11 metrlik urgusyny nädürs ýerine ýetirdi.

 

Çempionatyň tablisasy:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

«ALTYN ASYR II»

11

10

0

1

45-9

30

2.

«NEBITÇI II»

11

6

3

2

21-14

21

3.

«KÖPETDAG II»

11

7

0

4

28-17

21

4.

«AHAL II»

9

4

2

3

15-18

14

5.

«ENERGETIK II»

11

4

0

7

13-26

12

6.

«AŞGABAT II»

10

3

1

6

20-19

10

7.

«MERW II»

11

3

1

7

14-31

10

8.

«ŞAGADAM II»

10

1

1

8

8-30

4