Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


«Altyn asyr» Türkiýedäki türgenleşik ýygnanyşygynda ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi

 

Paýtagtymyzyň «Altyn asyr» topary Türkiýede geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda Demirgazyk Makedoniýanyň «Akademiýa Pandew» topary bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady (Çeşme: turkmenportal.com).

 «Altyn asyr» Türkiýede Türkmenistanyň çempionatynyň we AFK-nyň kubogynyň täze möwsümine taýýarlanýar. Topar yklym ýaryşynyň toparçalaýyn bäsleşigindäki ilkinji duşuşygyny 10-njy martda myhmançylykda Gyrgyz Respublikasynyň çempiony «Dordoý» bilen geçirer.