Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


«Altyn Asyr» «Köpetdagdan» üstün çykdy, «Ahal» «Şagadamdan»

 

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 11-nji tapgyrynyň jemleýji oýun güni iki duşuşyk geçirildi.

Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda «Altyn Asyr» topary myhmançylykda «Köpetdagy» 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Gazanan bu ýeňşinden soň 21 utuk toplan paýtagtymyzyň topary ýaryş tertibinde eýeleýän birinji ornuny saklap galdy.

Türkmenbaşyda ýerli «Şagadam» bilen «Ahalyň» arasynda geçirilen duşuşyk 1:2 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy.

Şeýlelikde, 21 utugy bolan «Altyn Asyr» ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýär. Ikinji, üçünji orunlary degişlilikde «Ahal» (21 utuk) hem-de «Aşgabat» (16 utuk) toparlary eýeleýärler.

Futbol çempionatymyzyň 12-nji tapgyrynyň duşuşyklary 1-nji hem-de 2-nji iýunda geçirilip, onda «Altyn Asyr» – «Energetik», «Nebitçi» – «Aşgabat», «Merw» – «Şagadam» hem-de «Ahal» – «Köpetdag» toparlary duşuşarlar.

 

11-nji tapgyryň netijeleri:

 «Şagadam» – «Ahal» – 1:2

Gollar: 90+3, 11 m.j.u Yhlas Magtymow (“Şagadam”) – 30 Ilýa Tamurkin, 37 Murat Ýakşiýew (“Ahal”)

Duýduryşlar: 35 Farhat Italmazow, 43 Aşyrgeldi Saryýew (“Şagadam”) – 43 Gurbangeldi Aşyrow (“Ahal”)

Geçirilen ýeri: «Şagadam» stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Duşuşygyň emini: Begenç Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Ahmet Begnazarow (Mary ş.), Berdimämmet Atdyýew (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: Babanazar Haknazarow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Eldar Ramazanow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 1500

 

«Köpetdag» – «Altyn Asyr» – 1:2

Gollar: 25 Döwletmuhammet Seýitmuhammedow (“Köpetdag”) – 32, 11 m.j.u. Resul Hojaýew, 65 Rahman Myratberdiýew (“Altyn Asyr”)

Duýduryşlar: 28 Serdar Baýramow, 31 Möwlamberdi Goşşanow, 37 Ybraýym Mämmedow, 62 Elýas Akyýew (“Köpetdag”) – 35 Ahmet Ataýew, 37 Furkat Tursunow, Mämmet Orazmuhammedow, oýundan soň (“Altyn Asyr”)

Oýundan çykarylanlar: 75 Elýas Akyýew, ikinji duýduryş (“Köpetdag”) – 80 Ahmet Ataýew, ikinji duýduryş (“Altyn Asyr”)

Geçirilen ýeri: «Aşgabat» stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: Resul Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Pälwan Pälwanow (Daşoguz ş.), Myrat Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Saparmämmet Gurbanow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: Maksat Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 800  

                                                

Çempionatyň tablisasy:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

«ALTYN ASYR» FK

10

6

3

1

19-8

21

2.

«AHAL» FK

10

7

0

3

16-9

21

3.

«AŞGABAT» FK

10

4

4

2

12-10

16

4.

«ŞAGADAM» FK

10

4

3

3

9-7

15

5.

«KÖPETDAG» FK

11

4

3

4

13-11

15

6.

«MERW» FK

11

4

1

6

10-16

13

7.

«NEBITÇI» FK

11

3

0

8

9-23

9

8.

«ENERGETIK» FK

11

2

2

7

11-15

8