Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


«Aşgabat II» uly hasap bilen ýeňiş gazandy

 

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 11-nji tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda «Aşgabat» toparynyň ýaşlar düzümi «Merw II» toparyny kabul etdi.

Bu duşuşykda hüjümde netijeli oýnan ýer eýeleri 5:0 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardylar.

Şeýlelikde, gazanan bu ýeňşinden soň 10 utuk toplan paýtagtymyzyň adybir topary ýaryş tertibinde 5-nji orna geçmegi başardy. «Merw II» topary hem 10 toplamagy başardy. Ýöne özaralarynda duşuşygyň netijesine görä, paýtagtymyzyň topary 5-nji ornunda ornaşdy.

Futbol birinjiliginiň 11-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşyklary 27-nji hem-de 28-nji maýda geçirilip, onda «Köpetdag II» – «Altyn Asyr II» hem-de «Energetik II» – «Nebitçi II» toparlary duşuşarlar.

 «Şagadam II» – «Ahal II» toparlaryň arasyndaky bu tapgyryň duşuşygy 20-nji iýuna süýşürildi.

 

Geçirilen duşuşygyň netijesi:

 «Aşgabat II» – «Merw II» – 5:0

Gollar: 12 (11 m.j.u,), 21 Mergen Sapaşeý, 66 Perman Bekmämmedow, 72 (11 m.j.u.), 75  Hojanazar Gurbanow («Aşgabat II»)

 

Çempionatyň tablisasy:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

«ALTYN ASYR II»

10

10

0

0

43-6

30

2.

«NEBITÇI II»

10

6

3

1

19-10

21

3.

«KÖPETDAG II»

10

6

0

4

25-15

18

4.

«AHAL II»

9

4

2

3

15-18

14

5.

«AŞGABAT II»

10

3

1

6

20-19

10

6.

«MERW II»

11

3

1

7

14-31

10

7.

«ENERGETIK II»

10

3

0

7

9-24

9

8.

«ŞAGADAM II»

10

1

1

8

8-30

4