Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


FUTZALYŇ TARYHY

 

2020-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek futzal boýunça Aziýa çempionaty mynasybetli sportuň bu görnüşiniň taryhy bilen tanyşdyrýarys. Tanyşlygyň okyjylara has düşnükli bolmagy üçin žurnalistikada habar ýazanyňda ulanylýan hökmany berilmeli 6 sowaldan ugur aldyk. «Kim tarapyndan, näme, haçan, nirede, näme üçin, nähili?» diýen sowallara futzalyň taryhy bilen bagly jogaplary bermäge çalyşdyk.

 -Futzal kim tarapyndan döredildi? 
-Aslynda mini-futbol bilen futzal aýry-aýry görnüşler bolsa-da, soňlugy bilen olar birleşdirilip, FIFA-nyň garamagyndaky ýaryşlaryň sanawyna goşulypdyr. Bu görnüşleriň taryhy bilen gyzyklanyp, degişli çeşmelerde futzaly esaslandyran hökmünde anyk şahsyýetiň adynyň tutulmaýandygyna şaýat bolduk. Ýöne onuň Ýewropa ýaýramagyna Awstriýanyň futbol ýygyndysynyň tälimçisi sebäp bolupdyr diýlip maglumat berilýär. Ol 1958-nji ýylda Şwesiýada guralan futbol boýunça dünýä çempionatynyň geçýän döwri tejribe alyşmak maksady bilen Braziliýanyň ýygyndysynyň türgenleşigine syn etmäge barypdyr. Şol wagt olar iki topara bölünip, sportzalda futbol oýnaýan ekenler. Bu oýun awtriýaly tälimçä ýarapdyr. Ol Watanyna gaýdyp gelensoň, ýurduň çäginde birnäçe gezek birinjilik gurapdyr. Şondan soň futzal Ýewropa we beýleki yklymlara ýaýrapdyr. Şu ýerde FIFA-nyň ykrar eden futzal oýnunyň we AMF diýlip atlandyrylýan Bütindünýä futzal assosiasiýasynyň (Asociación Mundial de Futbol de Salon) baýdagy astynda deçýän futzal ýaryşlarynyň bardygyny aýtmak gerek. AMF-niň futzaly Urugwaýyň Montewideo şäherinde döredilip, onuň wagyz edilmegine Huan Karlos Seriani saldamly goşant goşupdyr.

-Futzal näme diýmek we nähili oýnalýar? 
-Sportuň futzal görnüşi indi bir asyra golaý wagt bäri sportuň muşdaklaryna bellidir. Onuň meýdançasynyň boýy 36-40 metre, ini 18-20 metre deňdir. Her toparda 5 adam meýdança çykyp, olaryň biri derweze goraýar. Beýleki oýunçylar goragçy, hüjümçi diýlip aýratyn atlandyrylmaýar. Sebäbi olaryň hemmesi bilelikde hüjüm edip, hemmesi hem bilelikde goranýar. Derwezäniň ini 3 metre, boýy 2 metre barabar bolýar. Her bir oýun iki döwürden ybarat bolup, olaryň her biri 20 minut dowam edýär. Bu oýunda pökgüli hokkeýdäki ýaly, derwezeçini meýdançadaky oýunçylaryň biri bilen çalşyp oýnamak düzgüniniňem bardygyny ýatladýarys. Saýtlaryň birinde («www.fcbarcamania.lv«) AMF tarapyndan FIFA-nyň futzalynyň her toparda oýnaýan oýunçylarynyň sany esas edilip alynmak bilen «Futzal 5» diýlip atlandyrylýandygy habar berilýär. 

-Futzal haçan peýda boldy?
 -Futzalyň taryhyna bagyşlanan işlerde onuň XX asyryň 30-njy ýyllarynda Günorta Amerikada dörändigi aýdylýar. Bilermenler FIFA-nyň futzalynyň döremegine kenarýaka futboly sebäp bolandyr diýip çaklaýarlar. Görnüşleriň ikisiniňem Braziliaýda kän ýyllar bäri uly meşhurlykdan peýdalanýandygy bu çaklamanyň hakykatdan üzňe däldigini nygtamaga esas berýär (şu ýerde AMF-niň futzalynyň ýaýramagyna Urugwaýda we Paragwaýda köp iş edilendigini ýatlamak gerek). Sportuň futzal görnüşi boýunça geçirilýän dünýä çempionatlarynda Braziliýanyň üstünlikli çykyş edýändigi onuň ussatlarynyň Günorta Amerikada ýaşaýandygyny aýtmaga esas berýär. Şeýle-de, Paragwaý (Günorta Amerikanyň futzal federasiýasy Paragwaýyň Asunsýon şäherinde esaslandyrylypdyr), Urugwaý ýaly döwletleriň hem dünýä birinjiliklerinde üstünlikli çykyş edýändiklerini bellemelidiris.  

-Futzal boýunça ilkinji oýun nirede geçirildi? 
-Futzalyň taryhy boýunça ylmy iş ýazan alym Denis Kulakowyň maglumatlaryna salgylansaň, futzaly kän ýyllar bäri Braziliýada oýnap gelenem bolsalar, ilkinji tejribe duşuşygy 1958-nji ýylda Wenada guralypdyr. Ýöne onuň düzgünleri işlenip, biragzydan tassyklanylýança ýene-de 40 ýyl gerek bolupdyr. Diňe 1988-nji ýylda futzalyň düzgünleri tassyklanyp, 1989-njy ýylda FIFA tarapyndan ilkinji dünýä çempionaty geçirilipdir. AMF-niň baýdagy astyndaky ilkinji dünýä çempionaty 1982-nji ýylda geçirilipdir. 

-Futzal näme üçin olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilmeýär? 
-Futzal ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň maksady bolsa sportuň Olimpiýa maksatnamasyna kabul edilmedik görnüşlerini wagyz etmekden ybarat. Ýöne bu ady agzalan oýunlardaky görnüşleriň derejesini peseltmeýär. Olaryň arasynda ýakyn ýyllarda Olimpiýa «maşgalasynyň» agzasy bolmaga mynasyp görnüşlerem az däl. Şolaryň biriniň futzaldygyny aýtmak gerek. 

-Türkmen futzalçylary nähili çykyş ederler?
-Türkmenistanda Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda diňe şäherleriň birinjiligi derejesinde ýaryşlar geçirilýärdi. Diňe soňky birnäçe ýylda sportuň bu görnüşi giň gerime eýe boldy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýanyň çempionatlaryna, Aziýa oýunlaryna yzygiderli gatnaşýan döwletleriň birine öwrüldi. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň futbol federasiýasy tarapyndan Türkmenistanyň çempionaty, Aşgabat şäheriniň açyk çempionaty we welaýatlaryň birinjilikleri yzygiderli guralýar. Şol ýaryşlaryň jemi boýunça milli ýygyndymyz düzülip, ol halkara ýaryşlarynda çykyş etmek bilen ýylsaýyn kämilleşýär. Olaryň golaýda Horwatiýada tamamlanan halkara ýaryşynyň finalyna çykandygy hem bu aýdylanlary tassyklaýandyr. Häzirki wagtda horwatiýaly tälimçi Robert Grdowiç tarapyndan tälim berilýän futzal ýygyndymyz öňdäki Aziýa çempionatyna ykjam taýýarlyk görýär. 

 
Taýýarlan Hojaberdi APBAÝEW,
«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.

(msy.gov.tm)