Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Ýazguly Hojageldiýew:”Hemme tälimçi janköýer, ýöne hemme janköýer tälimçi däl...”

Futbol äleminde ädimme-ädim ýokary galyp üstünliklere ýetmek, diňe futbol toparynyň adyny, ondaky futbolçylary belende galdyranok. Ol ýagdaý, janköýerleriňem düşünjeleriniň   ösmegine, ruhy ýagdaýlarynyň özgermegine getirýär. Eýsem, futbol kim üçin oýnalýar?! Elbetde, janköýer üçin! Janköýerleriň ynamyny ödemek, islegli ýeňişlerini sowgat etmek olaryň söýgüli futbol toparlarynyň borjy. Başdaky agzan aň hem-de ruhy özgerişligime esasy täsirini ýetirýän kömekçiler bolsa, sport synçylarydyr žurnalistleriň futbol toparlary baradaky dürli ýazgylary hem makalalary. Şonuň üçin hem, meniň pikirimçe, şeýle ýazgylar taýynlananda, gürrüňi edilýän topar hakynda çigit ýalyjak zady-da ünsden düşürmän, olary süňňi sagat sözlemler bilen janköýer okyja ýetirmeli. Dogrusyny aýtsam, özüm üçin-ä hem kyn, hemem ýakymly. Çünki seniň taýynlaýan ýazgyňdaky ýetirjek ýekeje täzeligiň, şol habara garaşyp ýören, ýa-da ondan öň bihabar gör näçe janköýeriň umyt guşunyň ganatyny galgadar. Dogrusy, bu ilki bilen öz başymdan geçýän ýagdaý. Ine aşakdaky söhbetdeşlik hem, meniň köne pikirlerime täze lybas geýdirdi diýsem ýalňyş bolmaz. Belki, “Altyn Asyryň” baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew bilen geçiren söhbetdeşligimiz hem okyjylar köpçüligine  şeýle täsirleri sowgat eder?!..

Ýazguly aga, ilki bilen-ä  AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryny şowly geçendigiňiz bilen gutlaýaryn. Toparçadan ýeke-täk toparyň çykmalydygy bu üstünligiň derejesini has-da artdyrýan ýagdaý. Ýeňişleriňiz dowamly bolsun. Indi şol toparçadaky oýunlar, şeýle-de  pleý-off oýunlaryna çekilen bije hakynda söhbetimize başlaýsak?..

-Toparçalaýyn oýunlardaky garşydaşlarymyzy, ýa-da ondan diňe birinji ornuň ýaryşy dowam etmäge mümkinçilik alýandygyny biz birinji gezek görmeli däl. Oýunlar aňsat düşmedi, ony hemmämiz gördik. Anyk göze görnüp duran ýagdaýlar barada aýdaly, esasy oýunlarda duşuşygyň ykbaly iň soňky minutlarda çözüldi. Meselem, biziň “Istiklol” bilen iki oýnumyzam şeýle. Birinji oýny özüňiz görensiňiz, 90-njy minutdan soň 0:2 hasaby 2:2-ä aýlandy. Şol iň soňky minutlar tutuş oýna täsir edýän bolsa, şol oýnuň netijesem toparçalaýyn oýnuň iň soňky ýagdaýyna öz goşandyny goşýar. Ýa-da garşydaşlarymyz “Alaý” we “Istiklolyň”  Oşdaky oýnuny alsak, toparçada iň soňky orny alanam bolsa “Alaýy” utmak üçin “Istiklol” iň soňky sekuntlardan peýdalandy. Biziň Täjigistandaky oýnumyzyňam ykbaly hemmämiziň bilişimiz ýaly soňky sekuntlarda çözüldi.Ýa bolmasa, ýurdumyzyň ýene bir wekili “Ahal” hakda aýdanymyzda, ol üçünji orny eýelänem bolsa öz derwezelerinden bary- ýogy bäş top geçirtdi, bu-da  “Ahaly”  aňsat utup bolmaýandygyny aňladýar. Her näme-de bolsa men şägirtlerimden kanagatlandym, olar ýeňiş üçin soňuna çenli göreşdiler. Umuman sebitiň öňdebaryjy toparlary bolup halkara oýunlary geçirip durmak içerki çempionatyň oýunlaryna hem gowy täsir edýär.

-Bijäň netijesini şowly hasaplaýaňyzmy? Hindileriň “Bengaluru” toparyna ýeňil garşydaş diýip bolarmyka, her näme-de bolsa ol öň hem ýarym finalyň howasyndan dem alyp gören topardygyny göz öňüne tutmaly bolsa gerek?

-Bije babatynda men şowly ýa şowsuz diýen pikiri hiç wagtam goldamandym. Birinjiden AFK-nyň kubogyna gatnaşmak üçin her topar öz ýurdunda ýokary oýun görkezmeli. Ondan soň topar kyn ýollary geçip pleý-off oýunlaryna ýetmeli. Diýmek, bärde gowşak topar ýok, ikinjidenem näme, kim bolanda hem utaýmaly bolýaň. Öňünde kubogy almagy maksat edinen topar üçin onuň parhy ýok.

-Içerki çempionatymyzda hem eýýam mümkin bolan üç netijäni− ýeňmek, ýeňilmek we deň oýnamagy gazandyňyz...

-Ony aýtmak bilen, biziň häzirlikçe öňdäki orunda däldigimiz hakda nygtajak  bolýaňyz öýdýän..

- Ýok,umuman şol üç netijäniň tagamynam dadyp gören tälimçi hökmünde şu ýylky çempionatymyzyň geçen ýyldakylardan tapawutly tarapy hakynda näme aýdyp bolar diýmekçidim?

- Özüňiz bilýäňiz, AFK-nyň kubogynyň oýunlary sebäpli milli çempionatdaky oýunlarymyza doly gatnaşyp bilmedik, ýagny köp oýunlarymyzy yza süýşürdik. Umuman, az duşuşyk geçirdik. Şonuň üçin-de, çempionatymyzyň häzirki tertibi toparlarymyzyň derejesini doly kesgitleýär diýip bolmaz. Entäk ýol uzak. Ýöne indi biraz elimiz boşaşyp esasy ünsümizi içerki çempionatda jemlemegi meýilleşdirýäris. Geçen ýylkylardan tapawutly tarapa gelsek, iki sany toparyň halkara ýaryşynda çykyş edip tejribesini artdyrýandygy elbetde öz täsirini ýetirmän duranok. Şu wagt bizde ýeňilmän gelýän topar ýok, şonuň özi-de çempionatymyzyň  çekeleşikli geçýänliginden mysal.

-Ýazguly aga, milli çempionatymyzyň şüweleňi artýar diýip bellediňiz welin, bir zada ünsi çekesim gelýär. Uly ilde bolşy ýaly bizde hem milli ýygyndyň düzümini esasan içerki çempionatyň oýunçylary düzýär...

- Hawa, bärde çekeleşikli oýunlar näçe köp bolsa, ýygyndymyzyň özeni berk bolýar. Içerki oýunlarda haçan çekeleşik köpelip biler?! Haçan-da, toparlar halkara duşuşyklarda köp çykyş eden ýagdaýynda. Bu ýagdaý oýunçylara ruhy täsirini ýetirýär. Olaryň oýna düşünmek ukyby ýitileşýär. Meselem, 2015-nji ýyldan bäri “Altyn Asyr” halkara oýunlary geçirýän bolsa, bu elbetde oglanlaryň içerki oýunlaryna-da, şol sanda olaryň aglabasynyň ýygyndyň agzasydygyny nazarymyza alsak, oňa-da oňyn täsirini ýetirýär..

-Milli ýygyndynyň tälimçisi hökmünde legionerleriň hyzmatyndan peýdalanmak hakynda näme diýip bolar?

-Oýunlaryny yzarlaýarys, Indoneziýada Ahmet bar, özbek çempionatynda Arslan çykyş edýär, ýene kimiň adyny agzap bolar, hä, ana Azerbaýjanda Elman Tagaýew we Wahyt dagy. Umuman, gerek ýerinde hökman peýdalanýarys. Ol ýerde esasy iş, topara bähbitli adamy çagyrmak...

- Ýene esasy birini agzamadyňyz...

- Artur hakda diýýäňizmi? Sözümi bölmedik bolsaňyz agzajakdym..

- Hawa edil özi, diňe bir türkmen janköýerlerini däl , eýsem özbek janköýerlerinem gyzyklandyrýan sorag diýsek ýalňyş bolmaz.  Sözüňizi bölenime bagyşlaň...

- Söz bölünen-ä hiç-le. Men žurnalistleriň muňa meňzeş soraglaryna eýýäm haçan öwrenişdim. Indi meselämize gelsek ilki bilen-ä Türkmenistanyň milli ýygyndysy hakyndaky maglumatlar bilen gyzyklanýan biri bar bolsa, ol hala Özbegistan, hala başga ýurtly bolsun ullakan hormat goýýanlygymy aýdaýyn. Artur hakynda aýdanymyzda onuň “Nasafda” gowy çykyş edenligini men inkär edemok, hatda begenýärin.Ýöne futbolçy wagt gelip meýdanda öňküligini ýitirip bilýär, ýa-da topardaky oýnuny milli ýygyndyda görkezip bilmeýän halata gelýär. Özümi aklamakçy bolamok, ýöne  haçan-da hiç wagt ýygynda çagyrylmadyk bolanynda tälimçi günäkär bolardy. “Aý, şol oglan-a mynasyp, ýygynda çagyraýmaly eken” diýseler, hä diýerdik, emma men ýygynda esasy oýunda, esasy oýunçy hökmünde çagyran futbolçymyň derejesini bilerin ahyry. Öz toparyndaky oýunlaryňy nazaryňda alyp, milli ýygyndyda bäsleşmekden çetde çykyş etmek ýurduň abraýy üçin oýnalýan oýna dogry gelmeýär. Ýönekeý edip aýdanymda,  bärde üýtgeşik pelsepe-de ýok aslynda, ullakan sebäp gözläp oturasy işem ýok. Men birinji oýna haýsydyr bir futbolçyny oýun usulymyza laýyk görüp çagyran bolsam, olam gelip oýnan bolsa. Şol birinji oýundaky ýagdaýdan netije çykaryp ikinji oýnumyza adam çagyrýarys. Bize haýsydyr bir halkara oýunlarda rekord goýan, daşary ýurtda adygan şahsyýet däl-de, milli ýygyndyň ody bilen girip küli bilen çykjak oglanlar has zerur..

- Häzirki ýagdaýy hakynda agzadyňyz welin, “Kyzylkumdaky” Geworkýana özüm-ä milli ýygyndyň düzüminde çykyş ederden pes derejede oýun görkezýär diýip biljek däl...

-Siz žurnalistleriň möhüm oýun bolmazyndan  bir gün öň  geçýän metbugat konferensiýalarynda tälimçiň ýanyndaky oýunça berýän  sowalyňyz bar-a “Toparyň içerki ýagdaýlary nähili, oýna taýýarmy?” diýen ýaly. Indi şoňa jogap berýän futbolçy diňe topardaşlarynyň beden taýýarlygyny göz öňine tutýandyr diýip pikir edýäňizmi? Elbetde, ýok. Esasy oýunyň öň ýanyndan her oýunçyň, we umumulykda toparyň ruhy ahwaly bolýar. Üns berseňiz, jogap şol bir maksat ugrunda birigen bir toparyň arzuwlaryna bolan ymtylyşy hakynda bolýandyr.  Meselem, milli ýygyndyň oýny diýeli, her kim her ýerden geldi, kimiň topary kubok oýunda finalyň öň ýanynda, kimiň topary bolsa yklym ýaryşyna taýýarlyk görýär. Aýdaly, kim çempionatdaky merkezi oýnuň öň ýanynda dur. Emma oýnuň öňündäki ruhy ahwaly oglanlaryň hemmesi bir agyzdan başdan geçirip bilmese, oýundan gowy netijä garaşmak kyn. Ýygynda gelen wagtyň hemme zady unudyp ýygyndy üçin oýnamaly. Andreý Şewçenkonyň bir aýdan sözi bar “ Ýüreginde millete bolan söýgüsi möwç urmaýan futbolça, aýagy bilen guş gapsa-da milli ýygyndy-da orun ýok” diýen ýalyrak. Göwnüme jüňk bolaýdy şol okanym.

-Ol aýdýanyňyzam dogry. Bärde garşylykly pikiriň bolmaklygynam, ýa-da janköýerlerde dürli garaýyşlaryň barlygynam göz öňüne tutup, men Arturly mesele hakda gürrüň gozgadym aslynda...

-Menem düşünýän. Žurnalist, synçy hünärmen kän, janköýer bolsa, ondanam kän, olaryň hemmesiniň islegine görä düzümi saýlamak asla mümkin däl. Ol futbolda ýazylmadyk kada. Aslynda millionlar oýnunyň şowhunly tarapam şol. Şeýle bolmasa, futbolyň gyzygam bolmazdy. Ýöne bir zady aýratyn belläýin hemme tälimçi janköýer, ýöne hemme janköýer tälimçi däl...

- Yklym kubogyndaky garşydaşlarymyzam gaty güýçli toparlar...

-Begenýän, ( ol ýylgyrdy) gowy-da şol. Toparçamyzda dünýä çempionatyna gatnaşýan ýygyndy (Ýaponiýa) hem bar, yklym ýaryşy biz üçin uly mekdep hem ullakan synag. Ýaponiýanyň, Özbegistanyň hem-de Omanyň ýygyndylary örän güýçli garşydaşlar. Nesip bolsa,  bizem şowly çykyş etmegi maksat edinýäs.

-Ýazguly aga söhbetdeşligiňiz üçin köp sag boluň. Oýunlaryňyzda hem üstünlikler ýar bolup, ýeňişleriňiz dowamly bolsun!

-Sizem sag boluň.

Söhbetdeş bolan Merdan BAÝADOW.