Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


«1-nji maýdan soň, 2-nji maýmy, ýa-da 2-nji fewral»!?

Göräýmäge adaty soragdyr welin futbol diýip atlandyrylýan jadyly oýun adaty zatlardan erteki, ertekiden bolsa şu güni ýasaýan ekeni. Ýogsa Täjigistan diýlende göz öňimize Abylkasym Lahuty, Mürze Tursunzade, Baky Rahymzade ýaly görnükli wekilleri özünde jemlän ullakan poeziýasy bolan millet, baý medeniýeti eýe bir halk göz öňüňe geläýjek ýaly, emma häzir öňümizden çykan islendik ildeşimizden:

-Täjigistan hakynda näme diýip bilersiňiz, olaryň şeýle-şeýle şahyrlary bar eken–diýip sorasaňyz,eger ol aňrujy futbola gyzygýan bolsa takmynan şeýleräk jogap alarsyňyz:

-Şahyry ýenäňi  häzirlikçe goýup dur inimjan, sen “Istikloly” aýt “Istikloly” indi näçe ýyldyr toparlarymyz şony utup bilmän kösenýär, belki şu gezek bir amadymyz çüwäýedi-dä...

Jogapdan gaty görmäge hakymyz ýok, çünki her günüň we şol günlerdenem elegelýän aýyň, aýlaryň jeminden durýan ýylyňam öz meselesi bolýar, hökman edäýmeli işi bolýar. Olar şeýle bir ähmiýetli  welin şol mesele çözülmese üstinden geçip gidip bolaýanok, wagt näçe geçse-de biz meselesi çözülmedik günüňmi ýa aýyň, ýa bolmasa ýylyňmy içinde aýlanýas ýörýäs...

“Columbia Picturesiň” režissýory Garold Ramis tarapyndan surata düşürilen “Gunduz güni” filminde ABŞ-nyň bir ştatynda her ýylyň ikinji fewral güni bellenilýän “Gunduz güni”  hakynda gürrüň gidýär. Ýerli halk şol güni baýramçylyk hökmünde belleýär we her ýylam baýramçylygy göni efire bermegi, telewideniýe şol bir habarçysyna tabşyrýar. Alyp baryjy Fil Konnors özüniň söýmeýän senesinden çaltyrak dynsa kaýyl we “Başdan sowma” edip yzyna gaýtmagyň aladasynda. Ol işini dyndym edýärem, emma yzyna gaýtmakçy bolanynda güýçli gar ýagmagy sebäpli şäherden çykyp bilmedik gahrymanymyz şol gijäni ýene myhmanhanada geçirmeli bolýar. Ana şondan soň bolsa türkmen futbolunyň janköýerlerine gaty tanyş ahwallaryň şaýady bolup başlaýas...

 2015 nji ýylyň mart aýy, “Aşgabat” stadionynda “Istikloly” kabul eden “Ahaldan” janköýerler ýeňşe garaşanam bolsa, meýdan eýeleri geçirden gollaryndan diňe birine jogap bermegi başardy. Süleýman Orazow hasaby deňlemegi başarsa-da, 66-njy minutda garşydaş topar netijäniň soňky nokadyny goýdy “Ahal”- “Istiklol” 1:2. Meýdany  ahmyr  bilen terk edip barýan ýigitlerimizi duýgudaş nazarymyz bilen ugradýan wagtymyz içimizden bize bagly bolmadyk bir owaz eşidildi “Ertir hemmesi gowy bolar”, çünki  ol wagt bilemizokdyk ertiriň bolmajaklygyny we dogjak günüň bize ýene şu güni bagyş etjegini aklymyza-da getirmändik ýöne jogaplaşmaly wagty ýagny uly iliň kalendary boýunça 2015-nji ýylyň martynda ýene şol Fil Konnorsyň “Gunduz gününe” bagyşlap saz çalýan radiosynyň sesine oýanmaly bolduk. Wakalaryň sähel eýlä-beýlä tolkun atmasyna garamazdan, tabloda şol biziň haýrymyza bolmadyk hasap. Duşenbedäki “Frunze” stadiony ,  haçan-da Altymyradyň golundan soň biziň radiomyz ýene-de “Gündiz güni” hakynda buşlady “Istiklol”- “Ahal” 5:2.

2017-nji ýyl, bu gezek  “Istiklolyň” garşysyna uly ynam bilen aragatnaşykçylaryň “Altyn Asyry” çykdy, Balkanabatda geçirilen  şol oýunda-da Altymyradyň 49-njy minutda geçiren goly, bary-ýogy bizi diňe ýeňlişden halas etdi we oýnuň gutaranyny aňladyp çalnan jürlewük türkmen janköýerleri  üçin başgaçarak ýaňlandy: “Adamlar turuň bu gün ikinji fewral “Gunduz güni” baýramçylygy”. Şol ýyl maýyň iň soňky gününde Türkmenistanly janköýerler şol bir güni dördünji gezek gaýtalap ýaşadylar ýene Täjigistan, ýene  “Istiklol” we ýene-de şowsuz netije. Togsanynjy minut Wasiýew 1:0.

Fil Konnorsyň şol sapardaky gününi gaýtalap ýörüşimize, şahyr Bapba Gökleňiň “Bolmajak bolsa bolmaz, bolar boljak bolanda” diýen setirleriniňem üstünden bardyk. “Ahalyň” Duşenbe şäherindäki soňky oýnunda ýekeje gol hasaba alnyp, olam “Ahalyň” goragçysynyň adyna ýazylanam bolsa, ýeňiş ýene “Istiklola” ýazyldy. Her näme-de bolsa şol oýunda ildeşlerimiziň ýeňşe mynasyp oýun görkezenligini aýratyn bellesek ýerlikli bolar. Ýöne gynansakda, ýene köne heň, tabloda 1:0 hasaby we “Gündiz güni”.

 “Istiklolyň” Balkanabada iň soňky myhman bolan oýnunda “Altyn Asyr” sözüň doly manysynda taryhy oýun görkezdi we olar başarmasy mümkin däle golaý işiň hötdesinden geldiler. Esasy wagty togsan minutdan ybarat futbolyň 90-njy minudynda iki top ýeňlip duran ildeşlerimiz, 90-njy we goşmaça berlen 93-nji minutlarda tapawutlanyp, hasabyň 2:2 bolmagyny gazandy. Hawa, bizde şeýle kyn işi başarýan oglanlar bar ýöne “Istikloly” utup bilýän heniz ýok. Edil bu oýun bolsa, Ýazguly Hojageldiýewden tälim alýan ýigitleriň bassyr ikinji gezek öýdäki deňligi hem şol bir wagtyň özünde türkmen janköýerleri üçin gaýtalanýan altynjy gün...

Şol bir gün gaýtalanyp ýyllara barabar boluberse adamyň geň taň häsiýetleri ýüze çykyp başlaýan eken, filmiň dowamynda gahrymanymyz şol ýaşaýanja bir gününi şeýle bir öwrenýär welin, hat-da ol garbanyşhanada gören adamlarynyň durmuşyna hem bäş barmagy ýaly belet. Çünki olar File gabat gelýän şol bir adamlar. Keseden seredene geňem bolsa, alyp baryjynyň özüne aýan. Çünki ol näçe wagt geçsede şol bir güni ýaşaýar we öwrenýär, hatda şol güni eläp sekuntma-sekunt öwrenerçe boldy. “tff.com.tm” saýtynyň synçylarynyň nazaryndan “Istiklolyň” her möhüm oýny, hatda düzimdäki üýtgeşmeler we ýoldaşlyk duşuşyklarynyňam sypyp galmaýanlygynyň sebäbi maňa aýan. Olaram indi janköýerler bile Fil Konnors ýaly şol bir güni gaýta we gaýta ýaşap ýörenler...

 Türkmen toparlary we Duşenbäniň “Istiklolynyň” arasyndaky göreşiň nobatdakysy birinji maýda paýtagtymyzda geçirilmeli. Şol gün Röwşen Meredowyň şägirtleri “Ahal” “Aşgabat” stadionynda täjikleriň çempionyny myhman alar. AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn oýunlaryna ýurdumyzdan iki wekiliň gatnaşmagyny gazanmak bilen türkmen futbolynda täze sahypa açan “Ahal” belki gaýtalanýan günden baş alyp çykmaňam alajyny tapmagy ahmal...

  Filmimiziň jemlenýän ýerine-de ýetip geldik, baş gahryman öz söýýän zenanyna ýaranmak üçin özüniň tutuş ýaşaýyş usulyny üýtgetdi. Jek Londonyň Martin Igdenini ýatladýan bu kulminasiýa adamy çuňňur oýlanmaga mejbur edýär. Akmyrat Şiriň dili bilen aýdanyňda: “Söýgi halas eder. Söýgä ynansa bolar, iň bolmanda biz ynanýas, ynanýas we ýene-de umyt bilen oýna garaşýas”. Söýgüli toparymyzyň tälimçileri janköýerleriň göwnüni tapmak üçin jan edýändirler, film gahrymany File meňzäp gaýtalanan şol günüň ýalňyşlaryny ilik düwme öwrenýändirler diýip pikir edýän.

  Muňa millionlar oýny diýilýär, şonuň üçin bu jadyly oýunda ýüze çykan her adaty soragam taryh kitabyna täze sahypa bolup açylyp biler, goý şeýle bolsun.

Merdan Baýadow,

sport synçysy.