Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Türkmenistanyň kubogy

 «Altyn Asyr» dördünji kubogyny gazandy

Türkmenistanyň futbol boýunça kubogyny almak ugrunda geçirilen final duşuşygynda "Altyn Asyr" bilen "Ahal" toparlary duşuşdy.

Bu duşuşyk 3:0 hasabynda ýurdumyzyň çempiony “Altyn Asyryň” peýdasyna tamamlandy. Paýtagtymyzyň toparyna ýeňiş getiren toplary Serdar Geldiýew, Mihail Titow hem-de ikinji ýarymda ätiýaçlyk oturgyjyndan meýdana giren Begençmyrat Myradow öz atlaryna ýazdyrdylar.

Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýän toparynyň taryhynda kubogy dördünji gezek asmana göterendigini ýatladýarys.

Türkmenistanyň Kubogy-2019

Final

 “Altyn Asyr” – “Ahal” – 3:0

Gollar: 12 Serdar Geldiýew -11 m.j.u, 31 Mihail Titow, 69 Begençmyrat Myradow (“Altyn Asyr”)

Duýduryşlar: 31 Mihail Titow, 43 Altymyrat Annadurdyýew, 59 Selim Nurmyradow (“Altyn Asyr”) – 73 Yhlas Saparmämmedow (“Ahal”)

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradoww (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 500

 

 

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşik her ýyl geçirilip, oňa ýurdumyzyň futbol toparlary gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan geçirilýän bu bäsleşiň ýeňijisi geljek ýylda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýeňijisi bilen Naýbaşy Kubogyna gatnaşmaga mümkinçilik alýar. Türkmenistanyň Kubogynyň göçme Kubokdygyny ýatladýarys.

Möwsüm

Ýeňiji

Finalçy

Finalyň hasaby

1993

Köpetdag

Merw

4-0

1994

Köpetdag

Turan

2-0

1995

Turan

Köpetdag

4-3

1996/97

Köpetdag

Nisa

2-0

1998

Nisa

Balkan

3-0

1999

Köpetdag

Balkan

3-1

2000

Köpetdag

Nisa

5-0

2001

Köpetdag

Balkan

2-0

2002

Garagum

Şagadam

0-0 (GW, 4-2 11 m.j.u.)

2003

Balkan

Nisa

2-1 (GW)

2004

Balkan

Asudalyk

1-0

2005

Merw

Köpetdag

1-1 (GW, 3-1 11 m.j.u.)

2006

HTTU

Köpetdag

0-0 (GW, 7-6 11 m.j.u.)

2007

Şagadam

Merw

1-0 (GW)

2008

Merw

HTTU

2-1

2009

Altyn Asyr

Merw

3-0

2010

Balkan

Altyn Asyr

3-2

2011

HTTU

Aşgabat

0-0 (ОТ, 4-2 11 m.j.u.)

2012

Balkan

HTTU

1-3

2013

Ahal

Altyn Asyr

2-1

2014

Ahal

Balkan

3-2

2015

Altyn Asyr

Şagadam

0-0 (ОТ, 7-6 11 m.j.u.)

2016

Altyn Asyr

Aşgabat

4-0

2017

Ahal

Şagadam

4-0

2018

Köpetdag

Energetik

0-0 (5-4 11 m.j.u.)

2019

Altyn Asyr

Ahal

3-0