Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Futzal - "Aşgabat 2017" oýunlarynda

“Aşgabat 2017” oýunlarynda
Oýunlarda futzal boýunça ýaryş iki dissiplinada geçirildi (biri zenanlaryň arasynda, beýlekisi hem erkekleriň arasynda). Ýaryş 10 günüň dowamynda, ýagny 16-26-njy sentýabrda Köpugurly sport toplumynda geçirildi.

Ýaryş saýlap-seçiş toparlaýyn tapgyr bilen başlady. Soňra finala çenli utulan topar ýaryşdan çykaryldy. Erkekleriň arasynda ýaryşa gatnaşýan 17 sany milli ýygyndy 4 toparda bäsleşdi. Olaryň ikisi 5 milli ýygyndydan, biri 4 milli ýygyndydan we ýene biri 3 milli ýygyndydan ybarat boldy. Zenanlaryň arasynda ýaryşa gatnaşan 7 milli ýygyndy bolsa 2 topara bölündi: biri 4 milli ýygyndydan, beýlekisi hem 3 milli ýygyndydan ybarat boldy.

Ýeňijiler we baýrakly orunlara mynasyp bolanlar:

Erkeklerden düzülen milli ýygyndylaryň arasynda ilkinji dörtlük:

1. Eýran

2. Özbegistan

3. Ýaponiýa

4. Owganystan

Zenanlardan düzülen milli ýygyndylaryň arasynda ilkinji dörtlük:

1. Ýaponiýa

2. Taýland

3. Eýran                       

4. Hytaý