Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy

  • Turkmen
  • Русский


Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyry - 2022

 

Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda geçirilen bije çekişlik dabarasynyň netijesinde Günorta Koreýanyň, Liwanyň, Demirgazyk Koreýanyň hem-de Şri-Lankanyň milli ýygyndylary Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň garşydaşlary boldular.

Bije çekişligiň netijesinde AFK-nyň çägine girýän ýygyndylaryň 40-sy toparçalaryň sekizisinde çykyş etmäge mümkinçilik aldylar. Iki aýlawdan ybarat bolan saýlama tapgyryna 2019-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda badalga berlip, 2020-nji ýylyň 9-njy iýunynda jemlener. Toparçalaryň sekizisi bilen toparçalarda ikinji orunlary eýelänleriň dördüsi üçünji saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Üçünji tapgyra çykan milli ýygyndylaryň hemmesi-de 2023-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynda çykyş etmäge mümkinçilik alarlar. Üçünji saýlama tapgyrda milli ýygyndylaryň 12-si iki toparçada bäsleşerler. Şonuň netijesinde her toparçada ilkinji iki orny eýelänler dünýä çempionatynyň final tapgyrynda çykyş ederler.

Üçünji saýlama tapgyryna çykyp bilmedik ýygyndylaryň 24-si Aziýa Kubogy-2023-iň saýlama tapgyryna gatnaşarlar. Bu oýunlarda Aziýa Kubogynyň final tapgyrynda çykyş etmäge hukuk berýän petekleriň 12-si ugrunda göreşiler.

Ýeri gelende bellesek, bije çekişlikden öň Kataryň paýtagty Dohada Kataryň Futbol Assosiasiýasynyň prezidenti Hamad bin Halifa Al-Tani bilen iş saparynda bolan Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň Baş sekretary Arslan Aýnazarowyň duşuşygy bolup geçdi. Onuň dowamynda Hamad bin Al-Tani Türkmenistanyň milli ýygyndysyna 2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda şowly çykyş etmegi arzuw etdi.

Kataryň Futbol Assosiasiýasy bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn ylalaşygyň netijesinde şu ýylyň başynda ýurdumyzyň Olimpiýa ýygyndysynyň Dohada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirendigini aýratyn bellemek gerek.

Dünýä çempionaty 2022-niň Aziýa yklymynda geçiriljek saýlama tapgyrynyň tertibi:

A toparça: Guam, Maldiw adalary, Filippinler, Siriýa, Hytaý

B toparça: Nepal, Kuweýt, Hytaý Taýpeýi, Iordaniýa, Awstraliýa

C toparça: Kamboja, Gonkong, Bahreýn, Yrak, Eýran

D toparça: Singapur, Ýemen, Palestina, Özbegistan, Saud Arabystany,

E toparça: Bangladeş, Owganystan, Hindistan, Oman, Katar

F toparça: Mongoliýa, Mýanma, Täjigistan, Gyrgyz Respublikasy, Ýaponiýa

G toparça: Indoneziýa, Malaýziýa, Taýland, Wýetnam, BAE

H toparça: Şri-Lanka, Türkmenistan, Demirgazyk Koreýa, Liwan, Günorta Koreýa