Федерация футбола Туркменистана

  • Turkmen
  • Русский


Публикации

  • Чемпионат Туркменистана пройдет в четыре круга с участием восьми клубов (“Алтын Асыр”, “Ахал”, “Шагадам”, “Небитчи”, “Ашхабад”, “Энергетик”, “Мерв”, “Копетдаг”) страны.

    Первые два круга чемпионата пройдет с 12-го марта по 15-е июля.

     

    Участвующие клубы чемпионата Туркменистана

    1.

    Футбольный клуб “Алтын Асыр”

    г.Ашхабад

  •  

    Birleşen Arap Emirliklerinde (BAE) 2019-njy ýylyň 5-nji ýanwary 1-nji fewraly aralygynda 17-nji Aziýa Kubogy ugrundaky futbol ýaryşy geçirler. Bu ýaryş BAE-de 2-nji gezek geçirilýär. Aziýa Kubogynyň bu gezekkisine milli ýygyndylaryň 24-si gatnaşýar. Duşuşyklar Dubaý, Abu-Dabi, Al-Aýn, we Şarja şäherlerinde jemi 8 stadionda geçirilýär. Bu ýaryşa iñ köp gatnaşan ýygyndylar Eýranyň we Günorta Koreýanyň milli ýygyndylarydyr ,olar 14-nji gezek Yklym ýaryşynda çykyş edýärler.

    Ilkinji gezek gatnaşýan ýygyndylar bolsa Ýemeniň, Filippinleriň we Gyrgyzystanyň milli ýygyndylarydyr.

  •  

    Saýtymyzda sport žurnalisti Hajymyrat Söýünowyň Aziýa Kubogynyň taryhy bilen tanyşdyrýan makalasyny çap edýäris. Bu makalada Aziýa kubogynyň ilkinji döredilen gününden başlap 1996-njy ýyla çenli geçen ýoly giňişleýin beýan edilýär. Golaý günlerde Aziýa Kubogynyň taryhy bilen tanyşlygymyzy dowam ederis.

    Aziýa Kubogy 2019-yň final böleginiň BAE-de geçirilýändigini ýatladýarys. “F” toparçasynda çykyş edýän Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň garşydaşlary Ýaponiýanyň, Özbegistanyň hem-de Omanyň milli ýygyndylary bolar.

    1956

  •  

    Türkmenistanyň “Sport” teleýaýlymy bilen “Türkmen sporty” gazeti bilelikde 16-njy dekabrda futbol janköýerleriniň arasynda SMS ses berlişige başlapdy. Bäş günläp dowam eden ses berlişigiň dowamynda janköýerleriň müňlerçesi öz söýgüli futbolçydyr futzalçylaryna ses bermäge mümkinçilik aldylar.

    Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň "Köpetdag" toparynyň, geljegine uly umytlar bilen garalýan ýaş oýunçysy Ruslan Priýew futbolçylaryň arasynda bu ses berlişigiň ýeňijisi diýlip saýlandy . Başyndan geçirýän ýakymly duýgulary barada Ruslan bize şeýle gürrüň berdi:

  •  

    Soňky üç-dört möwsümde bolşy ýaly, futbol boýunça milli ligamyzyň Ýokary ligasynyň 26-njy möwsüminde hem “Altyn Asyr” - “Ahal” bäsdeşligi dowam etdi. Soňky iki möwsümde “Ahalyň” çempionlygy iň soňky aýlawda giderip, çempionaty kümüş medal bilen tamamlandygyny bellemek gerek. Onuň tersine soňky aýlawy “bir demde” geçen paýtagtymyzyň “Altyn Asyry” bassyr bäşinji çempionlygyny gazandy. Şol bir toparyň bassyr bäş gezek çempion bolmagy Ýokary liganyň XXVI möwsüminiň esasy aýratynlygy bolsa gerek.

  •  

    “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly türkmen sporty, şol sanda türkmen futboly üçin hem düşümli ýyllaryň biri boldy. Bu düşümi, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň bassyr bäş gezek çempiony “Altyn asyryň” Aziýanyň Futbol konfederasiýasyndaky ajaýyp üstünligi bilen baglanyşdyryp bileris. Möwsümiň dowamynda ýurdumyzda geçirilen ýaryşlarda ýaş zehinleriň ençemesiniň ýüze çykandygyny hem aýratyn bellemek gerek.

  •  

    Beýik söz ussady akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň "Boljak oglan ýaşlygyndan bellidir" diýen parasatly setirlerini durmuş hakykaty asyrlar boýy subut edip gelýär. Her bir ene ata öz perzendiniň halkyň haýryna ýaraýan jemgyýetde mynasyp orun tapyp biljek ynsan bolmagyň arzuwynda.

  • Mähriban arkadagymyzyň başda durmagynda diýarymyzda bedenterbiýe we sporty ösdürmek döwlet syýasatynyň iň bir ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanýar. Dine bir paýtagtymyzda däl-de eýsem, welaýat, etrap merkezlerinde hatda çetki obalarda gurulýan sport desgalary häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp ýaşlaryň ygtyýaryna berilýär.

    Eziz Arkadagymyz ýurdumyzda sporty goldamak bilen çäklenmän sportuň dürli görnüşlerinden ussatlyk görkezip ýaşlara görelde bolup türgenlerimize ýol görkeziji halypa bolup durýandygy bizi buýsandyrýar.