Федерация футбола Туркменистана

  • Turkmen
  • Русский


ZAFAR BABAJANOW: FUTBOLA JANKÖÝERLIK ETMEZDEN , FUTBOL OÝNAP BOLMAÝAR...

AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn oýunlarynyň “D” toparçasynyň ykbaly iň soňky sekuntlarda çözüldi. Oýunyň ilkinji minutynda tapawutlanan ildeşlerimiz, her ýarymyň  iň soňky minutlaryny boşyna geçirmediler, netije bolsa 2:3 “aragatnaşykçylar”çärýek finalda. tff.com.tm saýtynyň ýörite  habarçysy Merdan Baýadowyň  “Altyn Asyr” toparynyň goragçysy Zafar Babajanow bilen geçiren söhbetdeşliginde hem bu hakda aýratyn bellenilip geçilipdir.  

-Zafar futbola ilki başlan döwrüňiz we ilkinji tälimçileriňiz hakyndaky söhbetden başlaýsak?

-Prefessional futbola ilkinji gezek,  doglan şäherim Daşogzuň “Turan” toparynda başlanyma özüňiz bilýäňiz. Futbolyň ilkinji mekdebinem men edil şol toparda geçdim. Ilkinji tälimçilerim Yhlas Altyýew, Myrat Nepesow dagylar, esasanam futbola çynlakaý çemeleşmegimde Myrat aganyň tagallasy uly boldy. Garaz bir söz bilen aýdanda höwesgär futbola-da “Turanda” başladym, uly futbolyň gapysam meniň üçin Daşoguzda açyldy.  Soňam 2012-nji  ýylda Balkanabadyň “Balkanyndan”  çakylyk aldym we oýunlarymy Balkanda dowam etdim. Ol ýerde hem öziňi kämilleşdirmäge gowy şertleriň döredilenligi we ussat  oglanlar maňa gowy täsirini ýetirdiler, umuman häzir oýlanyp otursam “Balkanyň” şol düzümi gaty güýçli oglanlardan ybarat eken, olam näme tejribe mekdebi diýen ýaly-da. Ilkinji gezek çempion bolmagam şol “Balkanda” nesip etdi. Ondan soňra bir ýyl daşary ýurtda ýagny Türkýänyň “Kartalspor” toparynyň eşigini geýmegem miýesser etdi, soň “Ahal” häzirem görşüňiz ýaly “Altyn Asyrda” .

-Milli ýygyndyň düzüminde hem esasy düzümde meýdana düşendigiňize-de birnäçe gezek şaýat bolupdyk..

-Milli ýygyndy-da çykyş etmek her bir futbolçy üçin uly bagt, adaty gowy futbolçy bolup çykyş edip karýeraňy jemlemek isleseň topardaky üstünlikleriň ýeterlik, emma futbolyň we ýurduň taryhyna adyňy ýazjak bolsaň milli ýygyndyda üstünlik gazanmak hökmany diýesim gelýär. Sebäbi milli ýygyndydan çakylyk almagyň özi eýýäm saňa edilýän ullakan ynam ahyry. Sen ýygyndyň agzasy diýmek seniň boýnuňda halkara meýdanda ýurt abraýyny goramak borjudyr, şol bir wagtyň özünde ol adama bir hili buýsanjam bagyş edýär. Nähili diýsem bolar, milli ýygyndy-da oýnasaň bir hili ýadamaýan ýaly duýýan menä özümi. Nesip bolsa, indiki ýyl BAE-de geçiriljek Aziýa Kubogyna gatnaşmaga hukuk gazandyk, ullakan arakesmeden soň yklym Kubogynda ýurdumyzyň çykyş etjegi gaty begençli ýagdaý.

-Halkara oýunlaryň üýtgeşik heýajanly geçýänligini nygtap, gaty dogry bellediňiz, ol janköýerler üçinem şeýle. Ine golaýda siziň toparyňyz taryhy netije görkezip AFK-nyň Kubogynda çärýek finala çykdy. Dogrusy, oýnuň başyndan ahyryna çenli tolgunyp tomaşa etdik. Gol bilen başlap, gol bilen jemlän oýnuňyzdaky taryhy ýeňşiňiz bilen gutlaýan elbetde. Ýeňişleriň höwri köp bolsun. Ýöne men bu oýun däl-de, oýnuň öň ýanyndaky ýagdaý hakynda aýdasym gelýär, ýagny bizi diňe ýeňiş kanagatlandyrýar bu geçen ýyly ýatladýar, men beýle netijä garaşmandym..

-Bäh, başga nähiliräk bolar diýip çak edipdiňiz onda.

- Diýjek bolýanym bu ýyl taryhda ilkinji gezek toparçalaýyn oýunlara ýurdumyzyň iki topary gatnaşdy – “Ahal” we “Altyn Asyr”. Men kubok eýeleriniňem güýjine ýokary baha berenimden soň olaryň “Istikloldan” utuk almagyna garaşypdym we çaklamam boýunça soňky oýunda deňlik netije “Altyn Asyryň” peýdasyna bolmalydy. Häzir bolsa täjik ilinde deň oýnalsa ol hasap täjik toparynyň bähbidine..

-Futbol şolar ýaly ýagdaýlary bilen gyzykly aslynda. Biz toparçadan çykmak meselesini Täjigistanda “Istikloly” utup gazandyk bu hemmesindenem gowy ýagdaý diýesim gelýär. Tötänlikler biziň haýrymyza bolmady dogrusy, meselem “Ahalyň” Duşenbede öz derwezesine top salmagy, “Alaýyň” 90+2 de öz derwezesinden top geçirdip ýeňilmegi bolmadyk bolanynda hem siziň diýen çaklamaňyz dogry çykardy. Ýöne, özümä olar hakynda däl-de, soňky tapgyrdan öňem diňe Gissardaky oýun hakynda pikirlendim, onsoňam bir zat bar-da edil geçen ýyldaky ýagdaý diýip bolmaz bu gezek, ýatlatýandyr welin gaty meňzeş däl. Birinji bilenä, “Ahalyň” güýçli garşydaşlygyny nygtasym gelýär, ol geçen ýyldaky gyrgyz toparlary ýaly aňsat ýeňip bolýan topar däl, bu bolsa toparçalaýyn oýunlaryň şüweleňini has-da artdyrýar. Biziň toparymyza hem toparçadan çykmak aňsat düşmedi diýesim gelýär.

-Hawa ol-a şol, bizem tomaşa etdik,soňky sekuntlara çenli göreş dowam etdi, oglanlara berekella diýmeli.

- Şeýle boljagy belli-di, “Istiklol” aňsat ýeňip bolýan topar däl.

-Öňde goýan maksatlaryňyz hakynda aýdaýsaňyz?

-Edil şu wagt “Altyn Asyrda” Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň ýolbaşçylygyndaky ajaýyp, bir maşgala meňzeş toparymyzyň baryna begenýän. Nesip bolsa, bärde bu ýylam üstünlikli çykyş edip toparymyz bilen çempionlygymyzy gorap galmagy maksat edinýäris. Ondan başga-da ýaňky agzaýşymyz ýaly AFK-nyň Kubogynda hem şowly çykyş ederis diýip umyt edýän. Iň esasysam öňimizdäki ýyl, ýagny 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda BAE-de geçiriljek Aziýanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşda netijeli oýun görkezmek meniň baş maksadym bolup durýar.

-Janköýerlere arzuwlaryňyz bardyr?

-Aslynda meniň özümem janköýer, futbola janköýerlik etmezden futbol oýnap bolmaýar. Futbolçy bilen janköýeriň maksatlary aýry bolsa-da, arzuw babatda birleşip gidýärmikä diýýän, meselem türkmen futbolynyň islendik janköýeri “Altyn Asyryň” AFK-nyň Kubogynda netije gazanmagyny isleýär we ýygyndymyz Aziýa kubogynda üstünlik arzuw edýär. Şonuň üçin ýokarda sanan sepgitlerimiz janköýerlere eden arzuwlarym bolaýmasa.  Sebäbi biz futbolçy hökmünde netije gazanýas we oňa diňe janköýer hökmünde begenmäge hakymyz bolup biler. Indi nädip düşündirsemkäm, men bir sportçy çeper sözüň ussady bolan bolsam belki has gowy beýan edip bilerdim, ýöne bir bellejek zadym ýeňiş janköýerleň paýy, biziňki bolsa utup başarmak.

-Sag boluň Zafar, öňümizdäki oýunlarda üstünlik ýaranyňyz bolsun.

-Sizem sag boluň.

Zafar Babajanow –  1987-nji ýyl Daşoguz şäherinde doglan

3-gezek Türkmenistanyň çempiony

1)      “Bakan”-2012 ýyl

2)      “AltynAsyr”-2016 ýyl

3)      “AltynAsyr”-2017 ýyl

 

Iki gezek Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogynyň eýesi (Super kubok)

1)      “Balkan”-2012 ýyl

2)      “AltynAsyr”-2016 ýyl

 

 

Söhbetdeş bolan Merdan Baýadow,

sport synçysy