Федерация футбола Туркменистана

  • Turkmen
  • Русский


Watan size ynam edýär bihasap...

Siz şu gün şahyrlar Seýran Otuz bilen Agageldi Italmazowyň arasyndaky ullakan baglanşygyň nämeligini bilýäňizmi? Biragyzdan “DÖREDiJILIK” diýip jogap beren okyjylarmyz meni bagyşlasyn. Olaryň bir okuw jaýda bilim alanlygynam men bu gün dogry  jogap hökmünde kabul etmezligim ahmal. Sebäbi näme üçin bilýäňizmi, çünki bu gün orta aziýada futbol baýramy, uly futbola badalga berilýän gün. Biziň futbolsöýer halkymyz üçin goşa baýram, futbolymyz taryhyna bezeg bolup açylan täze sahypanyň ilkinji setirlerinden girilýän gün. “Altyn Asyr” we “Ahal” bilelikde toparçalaýyn bäsleşikde çykyş edip başlamaly gün. “Kawkaz ýesiri” filminiň bir ýerinde “Isleglerimiziň mümkinçiliklerimiz bilen gabat gelenligi üçin içeliň” diýip aýdylýan bolmaly, dogrusy haýsy ýerindeligi anyk ýadymda däl, ýöne ýyllar boýy näme üçindir şo jümle aňymda aýlandy ýördi. “Ahal” saýlama ýaryşlaryna girişen gününden janköýerleriň isleginiň şu ýagdaý (toparça ýetmek) bolany düşnükli. Biz isledik we mümkinçiliklerimiz isleglerimizi amal etmäge ýetdi. Biziň ýigitler şony başardy başardy-ki türkmen janköýerleriniň depesi gök diredi, gazetler bu ýagdaýa tutuş bir sahypalaryny bagyş etmänem bilerler, radioda bir iki sagat “Ahalyň” üstünligi hakynda söhbet edildi diýibem bilmerin. “Teležurnalistleriň aeroportdaky ugradyş we garşy alyş dabarasyndan taýýarlan söhbetbetdeşliklerini görmediňmi” diýibem kimdir birini aýyplara halym ýok. Ildeşlerimiziň teleýaýlymlarymyz arkaly AFK nyň oýnularyny gönüden-göni tomaşa etmänliginem  bilýän. Hawa bilýän.Ýöne  bularyň hemmesine garamazdan, men türkmen janköýerleriniň söýgüsine  birjikde şübhe edemok. Futbolçylarymyzyň halkara oýunlaryndaky netijelerini yzarlap internetde sahypadan-sahypa, saýtdan-saýta aýlanyp ýören ýaşlarymyz sanardan kän...
Şu günki ýaly ýadymda milli ýygyndymyzyň Balkanabatda  Hytaý Taýpeýi bilen bolan oýny ykbal çözüji oýun. Ýygyndymyz uly arakesmeden soň yklym ýaryşyna ýollanma gazandy. Oýun gutardy, jürlewük çalyndy. Türkmenistan aziýa kubogynda!!! Futbolçylar biragyzdan tälimçä tarap ylgadylar, gujaklap ýokary göterenlerem şoldy welin, teswirleýji göni hoşlaşdy-da, ýazgyny jemläýdi. Dogrusy gözlerime ynanmadym, oturan  ýerimden nädip turanymy bilemok. On üç ýyllyk arakesmeden soň yklym ýaryşyna alyp çykan tälimçini şägirtleriniň hormat bilen ýokary galdyrýan pursadyny gözüňe ýaş aýlaman görmek mümkin däl, ýöne bilmedim men bilmedim haýsy sebäp bilen bize ýigitlermiziň şojagaz begençli pursatlaryny mawy ekranda synlamaga rugsat bermediler. Emma men öňi-soňy ynanýan janköýerlerimiz şo pursady öz hyýallarynda dowam etdirip bildi, olar tälimçi Hojageldiýewi, edil onuň şägirtleri bilen goşulyp gutladylar. Hawa bizde şolar ýaly janköýerler bar. Futbolyň  janköýerler üçin oýnalýanyna bolsa, bir gowy ýeri futbolçylar gowy düşünýär...
Ýokarda iki sany galamdaş dostumyň adyny agzadym, we olaryň arasyndaky meňzeşlik eýýäm tapmaçalyk häsiýetini ýitiren bolsa gerek, Çünki ikisiniňem nazary bu gün AFK nyň oýunlarynda jemlenen. Janköýerlik şeýlebir zat weli, sen alym bol, şahyr, ýa inžener, daýhan, sürüji tapawudy ýok üýşüp janyňy bir saja salyp köýdürmek diýen ýalyrak, kimdir biri üçin gödegiräk eşidilen bolsa meni bagyşlasyn elbetde.
  “Altyn Asyr” bilen “Ahal” oýuny nirede we nä wagt geçirilse-de merkezi oýunlygyna galýar. Olaryň özara oýunlarynyň derbilerde mahsus bolýan özboluşly gödegiräk dartgynlylyga  baý bolýanlygam hiç kime syr däl. Men olaryň ikisine-de janköýerlik edýän. Ikisem meniň söýgüli toparym, isläý-ki “D” toparyň birinji ikinji ýeri türkmen toparlaryňky bolsun. Janköýerler üçin bolsun...

   
Siz goşa ganat deý-guşa bat beren,
Onsoň ol guş neçüýn etmesin telwas.
Size bar umydy ala top berer,
A bize sizdäki ala däl yhlas.

Watan size ynam edýär bihasap,
Ilki şony ýatlap azap ediň siz.
Utuň-da gazanyň şeýle bir hasap,
Hem bizi bergidar hasap ediň siz.

Janköýer jan edip, üzer bergisin,
Siz bolsa umydy üzmäň oglanlar.
Unudyp az salym paýtagt derbisin
Siz goşa tar,
Sazy düzläň, oglanlar!

Merdan Baýadow,

sport synçysy.