Федерация футбола Туркменистана

  • Turkmen
  • Русский


Urgulary gaýtarmagyň ussady

 

Marynyň «Merw» toparynyň 33 ýaşly derwezeçisi Merdan Saparow diňe bir öz toparynyň däl, eýsem, milli futbol çempionatymyzyňam iň tejribeli oýunçylarynyň biridir. Şu möwsümde onuň Mary şäheriniň toparynyň derwezesine bellenen 6 sany  11 metrlik jerime urgularynyň 4-sini gaýtarmagy we bu ugurda möwsümde ynamly birinji orny eýeläp durmaklygam onuň ussatlygyndan kemsiz habar berýän bolsa gerek. «Merw» topary ýerli «Balkan» topary bilen duşuşmak üçin milli çempionatymyzyň 17-nji tapgyrynda Balkanabada gelende, onuň bilen duşuşyp, gysgaça söhbetdeş bolmaklyk miýesser etdi.

         —Merdan, futbolçy bolup ýetişmegiňe sebäp bolan ýagdaýlar hakynda aýdaýsaňyz?

         —Kakam Daňatar Saparow Mary şäheriniň futbol toparynda oýnap, derwezeçi hökmünde giňden tanalýan adam. Agam Parahat öň «Merwde» oýnan, inim Amangeldi bu toparda häzirki wagtda oýnap ýör. Onsoň siziň sowalyňyza  futbolçy bolup ýetişmegime sebäp bolan ýagdaý meniň futbolçylar maşgalasynda önüp-ösmegim diýip, jogap beräýmek galýar. Futboldaky ilkinji ädimlerimi bolsa 4-nji synpda okap ýörkäm Mary şäheriniň şol wagtky çagalar we ýetginjekler sport mekdebine gatnap başlamagym bilen ätdim.

         —Milli çempionatymyzyň ýokary ligasynda ilkinji geçiren oýnuňyz ýadyňyza düşýändir-le?

         —Elbetde, 2006-njy ýylda «Merw» Daşogzuň «Turanyny» kabul edipdi. 0:0 hasabynda tamamlanan şol oýnuň 75-nji minutynda derwezeçimiz Ibadulla Eşniýazow şikes alansoň tälimçimiz Merdan Nursähedow meni meýdança goýberipdi.

         —Oýnan toparlaryňyz hakynda gürrüň beräýseňiz?

         —«Merw» toparynda 2006-2016-njy ýyllar aralygynda Merdan Nursähedowyň, Magtymguly Begenjowyň, Rahmanguly Baýlyýewiň, Rahym Gurbanmämmedowyň, Gurbanmuhammet Gurbanmuhammedowyň, Myrat Baýramowyň tälimçilik etmeklerinde çykyş etdim. Elbetde, Arsen Ýüäbaşýanyň baş tälimçiliginde häzirki wagtda hem, öz görşüňiz ýaly, bu toparda oýnaýaryn. Ýöne tälimçiler Baýram Durdyýewiň, Aly Gurbanynyň, Mekan Nasyrowyň türgenleşdirmeklerinde Mary welaýatynyň Türkmenbaşy şäherçesiniň «Energetik» toparynda oýnamaklygam futbolçylyk ýolumda uly tejribe boldy.

         —Sizi 11 metrlik jerime urgularyny gaýtarmaklygyň ussady hökmünde hem tanaýarlar. 2006-njy ýyldan bäri şeýle urgularyň näçesini gaýtaransyňyz?

         —Onuň sanawyny ýöredemok, ýöne 2008-nji ýylda bir duşuşykda iki 11 metrligi, ýagny «Şagadam» bilen geçiren Kubok ugrundaky oýnumyzda Andreý Ýegorenkowyň we Ýuriý Bordolimowyň Urgularyny gaýtaranym anyk ýadymda. Bu möwsümde bolsa «Ahaldan» Orazmyrat Myradowyň, «Köpetdagdan» Berdimyrat Rejebowyň, «Altyn Asyrdan» Myrat Ýagşyýewiň, «Energetikden» Parahat Jumanazarowyň urgularyny gaýtarmak başartdy. «Şagadamdan» Begenç Annagurbanow bolsa iki sapar meni ahmyrda goýmagyň hötdesinden geldi.

         —Haýsy toparlaryň we oýunçylaryň garşysyna oýnamak has kyn düşýär?

         —«Ahal», «Altyn Asyr» hem-de haçan-da duşuşanymyzda derbi oýny bolýan «Energetik» toparlarynyň, oýunçylardan bolsa Süleýman Muhadowyň, Wahyt Orazsähedowyň, Myrat Ýagşyýewiň, Serdaraly Ataýewiň garşylaryna durmak asla aňsat däl.

         —Futbol ýoluňyzdaky iň ýatda galyjy duşuşyk?

         —2008-nji ýylda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň finalynda HTTU-ny 2:1 hasabynda utan oýnumyz. Şonda garşydaşlarymyzdan Mämmedaly Garadanow tapawutlanypdy. Biziň gollarymyzy bolsa Witaliý Alikperow bilen ýatan ýeri ýagty bolsun, aramyzdan juda ir giden Zakirjan Hasanow geçiripdiler.

         —«Merwiň» düzüminde eýe bolan sylaglaryňyz hakynda aýdaýsaňyz!

         —Bu sowalyňyzyň bir jogabyny ýap-ýaňy berdim. Toparymyz 2009-njy ýylda milli çempionatymyzyň bürünç, 2012-nji ýylda kümüş medallaryna eýe boldy. Birnäçe sapar Kubok ýaryşynyň finalyna çykmagy başardyk. 2009-njy ýylda Aşgabatda müňlerçe janköýeriň gatnaşmaklarynda paýtagtymyzyň adybir topary bilen ýurdumyzyň Naýbaşy Kubogyny eýelemek ugrunda geçiren duşuşygymyzam futbol ýolumda ýatdan çykmajak oýunlaryň biri boldy. Şonda Witaliý Alikperowyň we Dawid Aýrumýanyň geçiren gollary bilen «Merw» 2:0 hasabynda öňe saýlansa-da, ýer eýeleri Parahat Annaberdiýewiň hem-de Arif Mirzoýewiň tapawutnmaklarynda hasaby deňläpdiler. «Merwe» taryhyndaky ilkinji Naýbaşy Kubogy getiren goly bolsa duşuşykda hasaby açan Witaliý Alikperow getiripdi.

         —Toparyňyzyň öňünde şu möwsümde nähili wezipe goýuldy?

         —Üçünji ýa-da dördünji orunlary eýelemeklik. Çempionlyk bolsa ýaryşyň sanaw tertibindenem görnüşi ýaly «Ahalyň» ýa-da «Altyn Asyryň» nesibesinde bolar.

         —Möwsümiň başynda, arakesme döwründe başga toparlardan çakylyk boldumy?

         —Hawa, haýsylardygyny aýdyp durmaýyn, üç topar öz tekliplerini hödürlediler. Emma men kabul etmedim, sebäbi öz dogduk şäheriň toparynda çykyş etmek hemişe ýakymly.

         —«Merwde» şu wagt ýaş oýunçylar köp. Olar hakyndaky pikiriňizi hem biziň bilen paýlaşaýsaňyz!

         —Ýaş futbolçylar barada aýtsam, olar gowy netije görkezýärler. Şanazar Tirkişowyň, Guwanç Ýagmyrowyň, Muhammet Öwezowyň, Timur Çaryýewiň, Döwlet Mirsoltanowyň, Serdar Annamämmedowyň geljekleriniň uludygyny ynam bilen aýdyp bilerin.

         —Özüňiz geljekde, ýagny futbolçy hökmündäki çykyşyňyzy jemläniňizden soň näme bilen meşgullanmagy maksat edinýärsiňiz?

         —Meniň maksadym derwezeçileriň tälimçisi bolup, futbol ýolumy dowam etdirmek.

         —Merdan, beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Size işiňizde-de, durmuşda-da uly üstünlikleri arzuw edýäris!

         —Sag boluň!

 

         Söhbetdeş bolan Hezret HOJAGULYÝEW.