Федерация футбола Туркменистана

  • Turkmen
  • Русский


Türkmen futboly Garaşsyzlyk ýyllary içinde

 

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde eziz Watanymyz häzirki wagtda sport ýurdy hökmünde dünýäde öz ykrarnamasyny tapdy. Onuň şeýle bolmagynda ýurdumyzda geçirilen iri halkara ýaryşlary hem doly güwä geçýär. Türgenlerimiziň halkara arenalarynda gazanýan netijeleri bolsa sport babatynda netijeli ädimleriň ädilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Gazetimiziň şu sanynda Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramçylygy bilen bagly futbol çempionatlarymyzyň hem-de futbol boýunça milli ýygyndymyzyň taryhyna ser salmagy makul bildik.  

Futbol çempionatymyzyň taryhy

Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan bir ýyl soňra geçirilen futbol çempionatymyzda paýtagtymyzyň “Köpetdagy” ynamly ýeňiş gazanypdy. Şol ýyllar esasyny milli ýygyndymyzyň oýunçylary düzýän “Köpetdag” 1997-98 futbol möwsümine çenli çempionlygy elden bermän gelipdi. Toparyň çempion bolmagyna saldamly goşant goşan hüjümçi Berdimyrat Nurmyradow 1993-nji hem-de 1994-nji ýyllarda çempionatyň iň netijeli hüjümçisine gowşurylýan baýraga mynasyp bolupdy. Ol 1993-nji ýylda garşydaşlarynyň derwezesinden netijeli urgularyň 26-syny geçiren bolsa, onda bir ýyl yzysüresi 14 topy öz adyna ýazdyrypdy. B.Nurmyradowyň 1992-nji ýylda hem derwezelere 39 topy geçirendigini aýtmak gerek, ýöne şol ýyl “hüjümçileriň” bäsleşiginde 42 topy bilen Sergeý Kazankow öňdeligi eýeläpdi.

Şondan soňky ýyllar bolsa “Nisanyň” hüjümçisi Rejepmyrat Agabaýewiň netijeli çykyşynda geçipdi. Soňlugynda Gazagystanyň futbol çempionatynda hem çykyş eden hüjümçi 1995-nji hem-de 1997-98-nji ýyllarda netijeli oýunçylaryň arasynda öňdäki orny hiç kime bermän gelipdi. 1998-99-njy ýyllaryň futbol möwsüminde bolsa derwezelere geçiren 16 topy bilen Şarafutdin Jumaniýazowdyr (“Turan”), Didargylyç Urazow (“Nisa”) bilen birlikde sanawyň öňdäki ornunda ornaşypdy. Onuň netijeli oýny 2001-nji ýylda “Nisanyň” çempion bolmagyna uly ýardam edipdi. Hakykatyň hatyrasyna, şol ýylda netijeli oýunçy diýlip Rejepmyradyň topardaşy Didargylyç Urazowyň yglan edilendigini aýtmak gerek. Didargylyç şol ýyl netijeli urgularyň 32-sini öz adyna ýazdyrypdy.

2002-nji ýylda bolsa Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadamy” taryhyndaky ýeke-täk altyn medaly gazanmagy başarypdy. Şonda toparyň oýunçysy Rustam Sadykow derwezelere geçiren 20 topy bilen çempionatymyzyň netijeli oýunçysyna gowşurylýan baýragy alypdy.

2003-nji ýylda ikinji çempionlygyny gazanan “Nisanyň” hüjümçisi D.Urazow hem 21 topy bilen “hüjümçileriň” bäsleşiginde öňdäki orna geçipdi. Şondan soňky ýyllar “Nebitçi”, HTTU hem-de “Aşgabat” toparlarynyň bäsdeşliginde geçipdi. 2004 – 2013-nji ýyllaryň aralygynda “Nebitçidir” HTTU 4, “Aşgabat” bolsa 2 çempionlyk derejesini gazanmagy başardylar. Şondan soň bolsa, häzirki wagta çenli Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýän “Altyn Asyry” çempionlyk derejesini hiç topara bermän gelýär. Esasyny milli ýygyndymyzyň oýunçylary düzýän paýtagtymyzyň topary häzirki wagtda dowam edýän futbol çempionatymyzda hem iki aýlawdan soň öňdäki orny eýeleýär. “Altyn Asyryň” 2018-nji ýylda AFK-nyň Kubogynyň finalyna çykmagyň hötdesinden gelendigini hem bellemek gerek.

Milli ýygyndymyzyň halkara arenasyndaky çykyşy

Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň halkara arenasyna çykan futbol boýunça milli ýygyndymyzyň ilkinji duşuşygy 1992-nji ýylyň 1-nji iýunynda Almaty şäherinde Gazagystanyň ýygyndysynyň garşysyna geçirilipdi. Häzirki wagta çenli geçilen ýolda ýygyndy toparymyz Aziýa Kubogynyň final tapgyrynda iki gezek (2003, 2019) çykyş etmegi başarypdy. Milli ýygyndymyzyň Aziýa yklymyndaky gazanan iň uly netijesi bolsa 1994-nji ýyla gabat gelipdi. Şonda ýygyndy toparymyzyň oýunçylary ýaryşyň geçirilýän ýeri bolan Hirosima şäherine gitmek üçin ilki Moskwa şäherine barmaly bolupdylar. Ol ýerden tomusky Aziýa oýunlarynyň geçýän ýerine ugralanda käbir sebäplere görä, ilkinji uçýan uçara diňe 12 adama petek tapylyp, olaryň 11-si futbolçylardan ybaratdy. Nobatdaky uçar howa ýagdaýy sebäpli gijikdirilýär. Oňa çenli bolsa Ýaponiýada türkmen futbolçylarynyň meýdana çykmaly wagty gelip ýetýär. Ine, şeýle kynçylyklaryň dörändigine garamazdan, ýygyndymyzyň tälimçiler düzümi (Baýram Durdyýew, Ýakup Orazsähedow) Aziýa oýunlardaky birinji duşuşyga gatnaşmak baradaky karara gelýärler.

1994-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Hirosima şäheriniň «Regional Park Stadium» stadionynda geçirilen duşuşykda türkmenistanly futbolçylar Hytaýyň ýygyndysynyň garşysyna meýdana çykyp, 2:2 hasabynda oýnamagy başarýar. Iň gyzykly ýeri bolsa, Hirosima şäherine ilkinji uçarda 11 futbolçy uçanlygy sebäpli, Türkmenistanyň ýygyndysy derwezeçisiz meýdana çykypdyr. Derwezäni goramak ýygyndynyň ýarym goragçysy Kamil Mingazowa ynanylypdyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysyny türgenleşdirýän K.Mingazow bu barada şeýle ýatlaýar:

–  Ýaryşyň geçýän ýerine gelenimizden soň oýna gatnaşýandygymyzy bilip galdyk. Ýogsa, biziň düzümimizde derwezeçi hem ýokdy. Oýnuň öňýanyndaky maslahatda şikesim bolansoň meni derwezede goýmaly diýen netijä geldiler. Şol oýun derwezedäki ilkinji synanyşygym bolansoň elliksiz durdum. Iki-üç sany kyn topy aýryp topardaşlarymyň berekellasyny alandygym ýadymda. Güýçli ýygyndymyz bardy. Soňlugynda beýleki oýunçylarymyzyň gelmegi bilen iň güýçlüleriň sekizligine düşmegi başardyk.

Diňe bir şol oýnuň däl, eýsem, Aziýa oýunlarynyň ilkinji goluny geçiren Berdimyrat Nurmyradow şondaky gazanylan taryhy netijäniň janly şaýady bolupdy. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Tehniki bölümine ýolbaşçylyk edýän Berdi aga häli-häziren şol pursatlary ýatlamagy gowy görýär.

–  Derwezeçisiz meýdana çykanymyzdan habarly garşydaş toparyň oýunçylary şonda Kamiliň goraýan derwezesine daş aralykdan, baý topy dependirler-ä. Oýunçy çalşygymyzam ýok. Şonuň üçin islendik pursatda topy saklamaga çalyşdyk. Ine-de, oýnuň 6-njy minuty. 30 metr çemesi aralykdan bellenen jerime urgusyndan topy derwezä gönükdirmeli diýen gelen netijäme azda-kände ikirjiňlenmänem durmadym. Aralyk daşdy. Şol pursat Kamiliň Berdi, Berdi... topy göni dep az-owlagam bolsa dynjymyzy bir alaly diýen sesi gulagymda ýaňlanyp gitdi. Menem häzirini bermän topy güwletdim derwezä tarap. Sähel salymdan stadionyň güwwüldisine özüme gelen ýaly boldum. Seretsem top sütünüstüne degip, derwezede gaýmalady. Şondan soň özümize ynamymyz artyp, netijeli oýun görkezdik. Netije-de gijikdirmedi – 2:2. Şonda toparçamyzda Hytaýdan başga, Eýranyň, Bahreýniň hem-de Ýemeniň ýygyndylarynyň çykyş edendigini aýdaýyn. Ýöne bize şonda toparçadan çykyp, iň güýçlileriň sekizligine düşmek başardypdy. Bir düzüm bilen çykyş eden ilkinji duşuşygymyzdaky garşydaşymyz bolsa soňlugynda finala çykypdy. Umuman, şol düzümimiz örän güýçlidi, derwezämizi Aleksandr Koropko goraýardy. Goragda Çary Seýdiýew, Rahym Gurbanmämmedow, Ýewgeniý Sysoýew, Dmitriý Korž, ýarym goragda Witaliý Zolotuhin, Kamil Mingazow, Aman Annadurdyýew çykyş edýärdi. Hüjümde bolsa doganlar Röwşen hem-de Çary Muhadowlar bilen hereket edýärdik. Garaz, öňümizde dörän mümkinçilikden abraý bilen baş alyp çykmagy başarypdy.

Sportuň dürli görnüşleri bilen birlikde ýurdumyzda futbolda görnetin öňegidişlikler gazanyldy. Muňa milli ýygyndymyzyň çykyşlary hem doly güwä geçýär. Oýun babatynda futbol hünärmenleriň berekellasyna mynasyp bolýan ýygyndy toparymyz häzirki wagtda dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryndaky çykyş edýän toparçasynda (“H” toparça: Türkmenistan, Koreýa Respublikasy, Koreýa Halk Demokratik Respublikasy, Liwan, Şri-Lanka) birinji basgançagy eýeleýär.

2021-nji ýyldan başlap, toparlarymyzyň Aziýanyň Çempionlar ligasynda çykyş etmäge mümkinçilik alýandyklary hem sport ýurduna öwrülen eziz Watanymyzda futbolunyň täze derejelere çykýandygynyň ýene-de bir subutnamasyna öwrüldi.

Orazgeldi GELDIÝEW,

“tff.com.tm”.

 

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň taryhyndan:

1992-nji ýyl. 1 – “Köpetdag”; 2 – “Nebitçi”; 3 – “Ahal”

1993-nji ýyl. 1 – “Köpetdag”; 2 – “Nebitçi”; 3 – “Büzmeýin”

1994-nji ýyl. 1 – “Köpetdag”; 2 – “Nisa”; 3 – “Merw”

1995-nji ýyl. 1 – “Köpetdag”; 2 – “Nisa”; 3 – “Nebitçi”

1997-98-nji ýyl. 1 – “Köpetdag”; 2 – “Nisa”; 3 – “Dagdan”

1998-99-njy ýyl. 1 – “Nisa”; 2 – “Köpetdag”; 3 – “Dagdan”

2000-nji ýyl. 1 – “Köpetdag”; 2 – “Nebitçi”; 3 – “Nisa”

2001-nji ýyl. 1 – “Nisa”; 2 – “Köpetdag”; 3 – “Nebitçi”

2002-nji ýyl. 1 – “Şagadam”; 2 – “Nisa”; 3 – “Garagum”

2003-nji ýyl. 1 – “Nisa”; 2 – “Nebitçi”; 3 – “Şagadam”

2004-nji ýyl. 1 – “Nebitçi”; 2 – “Nisa”; 3 – “Merw”

2005-nji ýyl. 1 – HTTU; 2 – “Gazçy”; 3 – “Nebitçi”

2006-njy ýyl. 1 – HTTU; 2 – “Nebitçi”; 3 – “Aşgabat”

2007-nji ýyl. 1 – “Aşgabat”; 2 – HTTU; 3 – “Nebitçi”

2008-nji ýyl. 1 – “Aşgabat”; 2 – HTTU; 3 – “Nebitçi”

2009-njy ýyl. 1 – HTTU; 2 – “Nebitçi”; 3 – “Merw”

2010-njy ýyl. 1 – “Nebitçi”; 2 – “Altyn Asyr”; 3 – “Lebap”

2011-nji ýyl. 1 – “Nebitçi”; 2 – HTTU; 3 – “Aşgabat”

2012-nji ýyl. 1 – “Nebitçi”; 2 – “Merw”; 3 – HTTU

2013-nji ýyl. 1 – HTTU; 2 – “Nebitçi”; 3 – “Altyn Asyr”

2014-nji ýyl. 1 – “Altyn Asyr”; 2 – “Ahal”; 3 – “Şagadam”

2015-nji ýyl. 1 – “Altyn Asyr”; 2 – “Nebitçi”; 3 – “Aşgabat”

2016-njy ýyl. 1 – “Altyn Asyr”; 2 – “Nebitçi”; 3 – “Energetik”

2017-nji ýyl. 1 – “Altyn Asyr”; 2 – “Ahal”; 3 – “Şagadam”

2018-nji ýyl. 1 – “Altyn Asyr”; 2 – “Ahal”; 3 – “Energetik”

2019-njy ýyl. 1 – “Altyn Asyr”; 2 – “Ahal”; 3 – “Şagadam”