Федерация футбола Туркменистана

  • Turkmen
  • Русский


Täzelik gözleýän tälimçi

 

Ady: Ýazguly Hojageldiýew

Doglan ýyly: 27.02.1976 ý.

Futbolçy döwri hünär ýoly: «Büzmeýin» – 1994-1996 ý.ý., «Dagdan» – 1997-1999 ý.ý., «Köpetdag» – 2000-2002 ý.ý., «Garagum» – 2002-2003 ý.ý., «Nebitçi» – 2003-2004 ý.ý., HTTU – 2005-2006 ý.ý.

Tälimçilik ýoly: HTTU – 2006-2013 ý.ý., Türkmenistanyň milli ýygyndysy – 2010-2014 ý.ý., Türkmenistanyň milli ýygyndysy – 2017-2019 ý.ý., «Altyn Asyr» – 2014-häzirki wagta çenli

Tälimçilikde gazanan üstünlikleri: 9 gezek (2006, 2009, 2013, 2014, 2015, 2016, 2017, 2018, 2019) Türkmenistanyň futbol çempionatynyň çempiony, 5 gezek (2006, 2011, 2015, 2016, 2019) Türkmenistanyň Kubogynyň ýeňijisi, 7 gezek (2009, 2012, 2014, 2015, 2016, 2017, 2018) Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogynyň ýeňijisi, 3 gezek (2007, 2008, 2009) Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogynyň ýeňijisi, 2018-nji ýylda AFK-nyň Kubogynyň finalçysy.

 

Adygan futbol tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew bilen gürrüňdeş bolmak üçin türgenleşik meýdanyna baramda onuň oýunçylara taktiki tilsimlerini düşündirýän pursadyna gabat geldi. Şol pursat oýunçylaryň her bir hereketini gözden salmaýan tejribeli tälimçi olaryň başarnygyna görä meýdanda orun tapmaga synanyşýardy.

Hawa, HTTU-dyr «Altyn Asyr» toparlary bilen dürli ýyllarda 9 gezek ýurdumyzyň futbol birinjiligini ýeňiş bilen tamamlan Ýazguly Hojageldiýew öz döwründe milli ýygyndymyzy hem türgenleşdiripdi. Ýygyndy toparymyzy  2019-njy ýyldda BAE-de geçirilen Aziýa Kubogynyň final bölegine çykaran tälimçi «Altyn Asyr» bilen türkmen futbolunyň taryhynda iň uly netijäni gazanmagy başarypdy. 2018-nji ýylda onuň topary bilen AFK-nyň Kubogynyň finalynda çykyş etmegi Aziýanyň futbol hünärmenleriniň ýokary bahasyna mynasyp bolupdy.

Futbol çempionatymyzyň üçünji aýlawynyň öňüsyrasy geçiren söhbetdeşligimiziň ilkinji sowaly hem «Altyn Asyryň» taýýarlygy bilen bagly boldy.

– Taýýarlygymyz adaty ýagdaýda dowam edýär. Ýeňil ylgawdyr maşklardan soň türgenleşiklerimiz trenažor zalynda dowam edýär. Umuman, oglanlaryň ýagdaýlary gowy diýip bilerin.

– Ýazguly, ýakynda türkmen futbol muşdaklaryny begendiren waka bolup geçdi. Özüňiz hem bilýänsiňiz. Nesip bolsa öňümizdäki ýylda türkmen toparlaryna Aziýanyň Çempionlar ligasynda çykyş etmäge mümkinçilik döredildi.

– Habarym bar. Bu hakykatdan hem gaty gowy täzelik. Yklym derejesinde, Çempionlar ligasynda çykyş etmegiň özi-de, türkmen futbolunyň bir ädim öňe ätdigi bolar. Bu ýagdaý futbolçylarymyzyň ussatlyga ýetmeginde tejribe mekdebiniň boljakdygy ikuçsyzdyr. Özüňiz bilýänsiňiz, mundan öň AFK-nyň Kubogynda finala ýetmegi başarypdyk. Eýýäm şunuň özi hem futbolçylaryň özlerine bolan ynamyny ep-esli artdyrdy. Bu ýagdaýlar milli ýygyndymyzyň çykyşyna hem oňyn täsir eder. Çünki güýçli garşydaşlar bilen geçirilýän oýunlar hemme ugurlar boýunça netijesini-de berýär. Şu oýunlara gatnaşan futbolçyda soňlugynda aljyraňňyllyk duýulmaýar. Ol özünden garaşylýan oýny görkezip bilýär.

– Oýunçy hökmünde Aziýanyň Çempionlar ligasynda çykyş edipdiňiz. Umuman, bu bäsleşige gatnaşýan toparlar bilen tanyşlygyňyz barmy.

– 2003-nji ýylda paýtagtymyzyň «Nisa» topary bilen Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş edipdik. Şol hem ilkinji tejribäm bolupdy. Daşkentde geçen şol ýaryşda garşydaşlarymyz güýçli hasaplanýan ýerli «Pahtakor» Eýranyň  «Piruzi» hem-de Yragyň “Al-Talaba” topary bolupdy.

Bu bäsleşikde geçirýän oýunlaryň derejesi başga bolýar. Şonda milli ýygyndymyzyň oýunçylarynyň aglabasy «Nisada» çykyş edýärdi. Häzirki ýagdaý hem şonuň ýaly ýygyndy toparymyzyň özenini «Altyn Asyryň» oýunçylary düzýär. Çempionlar ligasyna gatnaşýan toparlar hakynda aýtsam, onda Merkezi Aziýa wekilçilik edýän toparlar bilen AFK-nyň Kubogyndaky oýunlarymyzdan tanyşlygymyz bar. Milli ýygyndymyzyň oýunlaryna seredibem Günbatar Aziýanyň toparlaryna baha berip bolar. Çünki Çempiponlar ligasyndaky toparlaryň oýunçylarynyň aglabasy öz ýygyndy toparlarynda hem çykyş edýärler.

Dogrymy aýtsam, bu bäsleşikde enteg-ä kän bir tejribämiz ýok. Ýöne 2016 -2017-nji ýyllarda AFK-nyň Kubogynda  arap döwletleriň  sebitinde çykyş edendigimizi aýdyp geçeýin. Şol duşuşyklar arkaly bu ýurtlaryň toparlary hakynda azda-kände düşünjämiz bar.

– Ýazguly, Çempionlar ligasy hakynda gürrüň etdik. Abraýly ýaryşda çykyş etmek üçin dowam edýän futbol çempionatymyzy birinji hatarda tamamlamaly. Häzirki wagtda «Altyn Asyr» toplan 33 utugy bilen birinji orny eýeleýär. Ýöne esasy garşydaşyňyz «Ahal» hem sizden bary-ýogy iki utuk yzda barýar.

– Çempionatdaky esasy bäsdeşimiz hem «Ahal» bolar diýip aýdyp bilerin. Beýleki toparlar bilen utuk aratapawudymyz ep-esli bar. Aglaba ýagdaýda netijäni çempionatyň başlaryna görkezýän oýnuň däl-de, soňky aýlawlardaky çykyşyň bilen görkezip bolýar. Çempionatyň soňky aýlawyna oýunçylaryňy näderejede taýýarlykly eltip bilseň, şol hem netijäni kesgitleýär. Edil bu wagt çempionlyk hakynda belli bir zat aýdyp bolmaz.  Üçünji aýlaw geçeninden soň bu ýagdaý aýdyňlaşar.

– Toparyňyza täze goşulan oýunçylar barmy?

– Ýok. Ýöne ýaşlar düzümimizde 5-6 sany geljegine umyt bildirilýän oýunçylar bar. Ýuwaş, ýuwaşdan şolary esasy düzüme geçirýäris. Meniň pikirimçe olar gelejekde milli ýygyndymyzyň hatarynda hem çykyş edip bilerler. Geçen ýyl bilen deňeşdireniňde hem eýýäm  olaryň oýnunyň görnetin gowulanandygyny görmek bolýar.

– Şöhrat Söýünow, Serdar Annaorazow, Murat Ýakşiýew... birnäçe ýyl mundan öň şu oýunçylarsyz «Altyn Asyry» göz öňüne hem getirip bolmazdy. Ýöne soňlugynda olaryň ornuna getiren oýunçylaryňyz birjik-de oýnuňyzy peseltmedi.

– Bärde biz zady aýratyn belläýin, bir-iki oýunçy topardan gidäýen ýagdaýynda hem oýnumyza ýaramaz täsirini ýetirmeýär. Çempionatymyzda arakesme dowam edýän döwri daşary döwletleriň toparlary bilen geçirýän ýoldaşlyk duşuşyklarymyz degerli oglanlary seçip saýlamaga gowy şert döredýär. Esasy zat «Altyn Asyryň» oýun sütüni bar. Elbetde, başda ony düzmek kyn boldy. 2014-2015-nji ýyllarda topara geläýen wagtlarym öňki topardan bary-ýogy 20-30 göterim oýunçy galdy. Toparlaryň 7-8-sinden oýunçylary çagyrmaly bolduk. Birinji ýylymda olaryň başyny jemlemek kyn düşen hem bolsa çempion bolupdyk. Ýöne 2015-nji ýylda AFK-nyň Kubogynyň deslapky tapgyrynda Ýemeniň toparyndan ýeňildik.  Onuň sebäbi hem topar doly derejede taýyn däldi. Garaz, oýun sütünimizi düzmek üçin 3-4 ýyl gerek boldy. Onuň subutnamasyny 2018-nji ýylda AFK-nyň Kubogynyň finalynda çykyş etmegimiz bilen baglap bilerin.  

Ätiýaçlyk oturgyjynda oturandyklaryna garamazdan Furkat Tursunow, Selim Ataýew, Bagtyýar Gürgenow giden oýunçylary hiç bir ýitgi çekmezimizden çalyşdylar. Görensiňiz, çempionatymyzyň birinji ýarymynda ýaşlar toparymyzdan 2001-nji ýylda doglan Begençmyrat Myradowy hem-de Rahman Myratberdiýewi aldyk.

«Merw» bilen geçiren duşuşygymyzda Myrady birinji gezek esasy düzümde meýdana goýberdim. Soň «Ahaly» ýeňemizde ol esasy düzümde garaşan oýnumyzy görkezdi. Rahman bolsa «Köpetdag» bilen geçiren duşuşykda esasy düzümde meýdana girdi. Ol şonda 2:1 hasabynda gazanan ýeňşimize bir gol bilen goşant goşupdy. Ýaş oýunçylarymyzy esasy düzüme çagyrmazdan bir ýyl töweregi uly topar bilen türgenleşige gatnaşdyrýaryn. Şol aralyk esasy düzümiň oýunçylary bilen düşünişip çykyş etmäge ýeterlik bolýar.

– Toparyňyzda bil baglaýan esasy oýunçylaryňyz barmy?

– Umuman, bir ýa-da iki oýunça oýnumyzy baglamazlyga çalyşýaryn. Toparlaýyn oýny esasy orna çykarýaryn. Total futbolyny hemra edinen bolsam, onda birki sany oýunça bagly bolardym, ýöne men ýaňy hem belläp geçipdim, esasy orunda toparlaýyn oýny goýýan. Esasy oýunçym bolandygyna garamazdan, tertibi peselip ugradygy oýnumyzyň şoň bir özüne bagly däldigini görsün, pikirlensin diýip, ätiýaçda goýýaryn.

– Oýun taktikaňyz hakynda aýtsaňyz?

– Geçen ýyl esasan 4-2-3-1 taktikasyny ulandym. Arassa hüjümçiniň wezipesini Mihail Titow ýerine ýetirdi. Hüjüme golaý ýarym goragyň ortasynda Selim Nurmyradow, çepden Altymyrat Annadurdyýew, sagdan bolsa Myrat Ýakşiýew hereket etdi. Resul Hojaýew bilen Serdar Geldiýew goraga ýakyn ýarym goragda çykyş etdiler. Goragda  çepden saga Gurbangeldi Batyrow, Zafar Babajanow, Mekan Saparow hem-de Furkat Tursunow oýnady.

– Görşümiz ýaly, geçen ýylky esasy düzümiňizden üç oýunçy ýok.

– Hawa, dogry bellediňiz. Olaryň ornuna Begmyrat Baýowy, Begenç Akmämmedowy hem-de Begençmyrat Myradowy ulanmaga çalyşýaryn.

– Bu möwsüm haýsy taktika ýykgyn edýärsiňiz?

– 4-1-4-1 taktikasyny saýlap aldym. Goragçylar-a, öňküligine galdy. Goraga ýakyn ýarym goragda bolsa Ahmet Ataýewi ulanýaryn. Resuly öňe çykardym. Hüjüme ýakyn ýarym goragda Resul Altymyrat Annadurdyýew, Myrat Annaýew hem-de Begenç Akmämmedow bilen çykyş edýär. Hüjümde-de Mihail Titowy hereket edýär. Bu taktikany men «Merw» bilen myhmançylykda geçiren duşuşygymyzda ulandym. Şonda biz 4:0 hasabynda ýeňiş gazandyk. Onuň yzýanynda hem esasy garşydaşymyz «Ahalyň» garşysyna hem şu oýun tilsimimizi ulandyk. Görşüňiz ýaly netije-de berdi.

– Käbir oýnuňyzda goragçyňyz Mekan Saparowy hüjüme goýberýän wagtlaryňyz hem bolýar.

– Ýeňlip durkaň her hili ýagdaýy synap görmeli bolýar. Diňe Mekany däl, ine, geçen ýyl «Aşgabat» bilen bolan oýnumyzda Selim Ataýewi öňe goýberip onuň ornuna bolsa hüjümden Murat Ýakşiýewi geçirdim. Şonda Selim tapawutlanmagy başarypdy. Goragçy bolansoňlar olar hüjümde garaşylmadyk hereketleri hem edip goýberýärler.

– Şu ýyl «Altyn Asyryň» iň netijeli transferi Ahmet Ataýew diýip bolarmy?

– Ahmediň ilkinji tapawutly tarapy, ol hiç aljyramaýar. Oýnuň aglaba böleginde oglanlara  topa erk etmegi ündeýärin. Ahmet bu ugurda maňa gowy ýardam edýär. Resul hakynda aýtsam, ol bu ýyl bir basgançak ösüş gazandy diýsem hakykatdan daş düşmerin. Indi onuň meýdandaky mümkinçilikleri artýar, şonuň üçinem öňde oýnamagy tabşyrdym. Garaz, oýunçyň haýsy ýerde has köp peýda getirse, ony şol ýerde hem ulanmaly.

– Adygan tälimçimiz Gurban Berdiýewiň türgenleşik işlerine gatnaşandygyňyzy köpler bilýär. Şol hakynda durup geçseňiz.

– Kazanyň «Rubininde» işlän döwürleri, 2011-nji ýyldan bäri her möwsümiň öňüsyrasy gyş paslynda türgenleşik işlerine gatnaşyp geldim. Her gezek 1,5 aý töweregi wagt şol ýerde bolardym.

Türgenleşiklerine gatnaşyp, edýän zatlarynda bize nämeleriň gerekdigi bilen gyzyklanýardym. Edilýän zatlarda kynçylyk çeksem dessine soraşdyrýardym. Gurban aga bolsa jogabyna gysganmazdy. Aslynda, Berdiýewiň oýun tilsimi meni imrindirýär. Meýdandaky tertip-düzgün, toparlaýyn oýun meniň ýaşyl meýdandaky esasy ýörelgäm.Türgenleşikden soň hem pikir alyşýardym. Tälimçilik ýolunda gaty kän peýda berdi. Umuman, şol duşuşyklar futbola bolan garaýşymy örän ösdürdi.

– Eger-de, şeýle mümkinçiligiňiz bolsa, 2006-da HTTU toparynda tälimçilige başlan 30 ýaşly Ýazguly Hojageldiýewe näme maslahat bererdiňiz.

– Esasy öňüňde goýan maksadyňy soňuna çenli alyp çykmaly. Ýaltalyk etmeli däl. Özüňe bolan ynamyňy ilkinji orunda goýmaly. Her bir ýeňlen oýnuňda günäni başga birinden däl-de, diňe özüňden gözlemeli diýerdim.

– Tälimçilik ýoluňyzda ýeňşe elten üç sany esasy ýörelgäňizi aýdyp bilersiňizmi?

– Birinjiden özüme bolan ynamym. Ikinjiden her bir eden işimden, taktiki tilsim bolsun, oýunçyny ätiýaçlyk oturgyjyndan meýdana goýberenime çenli hiç wagt ikirjiňlenmeýärin. Kä wagt garaşylmaýan oýunçyny meýdana goýberýän pursatlarymam bolýar. Şonuň üçin ätiýaçdaky oýunçylarymyň islendigi meýdana haçan girjegini bilmän taýýar bolup oturýarlar. Ýadyma düşýär, 2013-nji ýylda HTTU toparyna tälim berýän döwrüm Azat Şamyradow diýip  oýunçymyz bardy. Çempionat başlaly bäri bir gezek hem meýdana girmegä däl, oýnuň sanawyna ady düşmändi.  Çempionatyň tamamlanmagyna iki tapgyr galanda ony oýnuň sanawyna goşdum. Şonda toparymyzyň iş dolandyryjysynyň geň galyp, menden ony ýalňyşyp goşan bolaýmasyn diýip, gaýta-gaýta sorany ýadymda. Şonda çempionlyk ýolundan galmazlyk üçin «Aşgabady» ýeňmelidik. Ine, oýnuň tamamlanmagyna 15 minut galanda meýdana giren Azat şonda iki top geçirip, ýeňiş gazanmagymyza goşant goşupdy.

Üçünjisi bolsa tälimçiler düzümiň bilen bagly. Häzir kömekçi tälimçilerimiň wezipesini Ýakup Ekezow, Maksat Şamyradow (derwezeçileriň tälimçisi), Seýitmyrat Çaryýew hem-de Çary Meredow dagy ýerine ýetirýärler. Esasy zat sürüjiden başlap, meýdany abatlaýan işgäre çenli, garaz, topardaky her bir işgär bilen agzybir  işleşmeli. Diňe şonda netije gazanyp bolýar.  

– Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!

 

Söhbetdeş bolan Orazgeldi Geldiýew,

tff.com.tm”.