Федерация футбола Туркменистана

  • Turkmen
  • Русский


Ruslan Priýew: “Esasy maksadym milli ýygyndymyzda çykyş etmek”

 

Beýik söz ussady akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň "Boljak oglan ýaşlygyndan bellidir" diýen parasatly setirlerini durmuş hakykaty asyrlar boýy subut edip gelýär. Her bir ene ata öz perzendiniň halkyň haýryna ýaraýan jemgyýetde mynasyp orun tapyp biljek ynsan bolmagyň arzuwynda.

Durmuşynyň bir bölegini sport bilen baglanyşdyran Kamilhan Priýew hem şeýle şahsyýetleriň biri. Ol öz ogly Ruslanyň elinden tutup sportun futbol görnüşi boýunça talimçiniň ýanyna eltende ol heniz alty ýaşynam dolduranokdy. Ondan bäri on ýyldan gowrak wagt geçdi. Indi biziň gürrüňini edýän gahrymanymyz gerçek ýigit bolup ýetişdi. Heniz orta mekdebiň 11-nji synpynda okaýan, paýtagtymyzyň "Köpetdag" toparynyň düzümine düşmegi başaran ezber futbolçy Ruslan Priýew bilen tanşyp ol barada öwrenen zatlarymyzy okyjylar bilen paýlaşmak maksady bilen onuň kakasy Kamil aga ýüz tutduk.

Kamilhan biziň bilen bada-bat ylalaşyp öz ogluna berlen ünsi uly hormat hökmünde kabul etdi hem-de ähli gyzyklanýan soraglarymyzy onuň özüne berilse ýerlikli boljagyny aýtdy.

Ruslan bilen dessine sözümiz alşyp gitdi . Ol biziň berjek käbir soraglarymyzy önünden duýan ýaly jogap berip başlady . Biz habarçylaryň adatyna eýerip öz soragymyzy onuň futbol dünýäsine gelşi we bu ýolda goldaw beren adamlar barada boldy:

-  Futbola ilkinji ädimi alty ýaşymda ätdim . Şol wagt kakam Türkmenabat şäherinde geçirilýän ýaryşlarda çykyş edýän "Jeýhun" toparynyň hüjümçisidi. Ol meniň ussat oýunçy bolup ýetişmegimi arzuw edýärdi. Alty ýaşymda bolsamam boýum uzyn bolansoň meni özümden üç ýaş uly topara ýerleşdirdiler. Meniň ilkinji tälimçim Timur Huseýinow. Şondan soň men Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň dürli ýyllarda gurnan döwlet derejesindäki çempionatlaryna Lebap welaýatynyň ýygyndysynyň düzüminde gatnaşyp ugradym. Şeýle-de, men Serdar Musaýew, Rinat Habibulin, Döwlet Ýazyýev , A.Slastuhin, Rahmet Jumanazarow ýaly tälimçilerden tälim aldym.

2015-nji ýylda 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda  iň gowy oýunçy diýlip yglan edildim. Şeýle-de, ýurdumyzyň birinji ligasynda  çykyş edýän dogduk şaherim Türkmenabadyň "Bagtyýarlyk" toparynda çykyş etmäge çakylyk aldym. Ýöne kämilligiň çägi ýok . Men öz mümkinçiligimi diýarymyzyň ýokary ligasynda barlamaga mümkinçilik aldym. Şu ýylyň tomsunda Paýtagtymyzyň "Köpetdag" topary bilen üç ýyllyk şertnama baglaşdym . Bu mümkinçilik üçin men toparyň talimçisi Said Seýidowa öz minnetdarlygymy bildirýärin.  Ýokary ligadaky ilkinji duşuşygymy şu möwsümiň üçünji aýlawynyň başynda ýurdumyzyň çempiony "Altyn Asyryň" garşysyna geçirdim.

Golaýda halkara derejeli emin Allabergen Sapaýewiň ýolbaşçylygynda  eminleriň okuw ýygnanyşygy bolup geçdi. Bu ýygnanyşyga öz başarnygymy barlap görmek maksady bilen menem gatnaşdym hem-de synaglardan üstünlikli geçmegi başardym. 21-28-nji oktýabr aralygynda 2005-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda geçiriljek ýaryşda emin hökmünde gatnaşmaga çakylyk aldym.

- Ruslan sen futbol bilen birlikde sportuň futzal görnüşi bilen hem meşgullanýarsyň. Birbada sportuň iki görnüşi bilen meşgullanmak saňa kynçylyk döredenokmy?

- Ýok gaýta maňa lezzet berýär. Ýadawlyk ýaltalyk menden öran uzakda. Türgenleşik  meniň başarnygymy artdyrýar. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy bilen futzal boýunça Aziýanyň çempionatyna gatnaşmak üçin taýýarlyk görýärin. Golaýda ýigrimi ýaşa çenli ýygyndymyz bilen  ýurdumyzyň kubogy ugrundaky ýaryşa  gatnaşdyk

Futzal boýunça bize Guwanç Kanaýew tälim berýär. Esasy talimçilerimden başga-da meniň maslahatçy halypalarym "Altyn Asyryň" hüjümçisi Myrat Ýagşyýew şeýle-de, "Energetigiň" tejribeli oýunçylary Rahmet Şermetow we Bagtyýar Hojaahmedowdan köp zatlary öwrenýärin. Olar meniň esasy maslahatçy ýol görkezijilerim.

Milli ýygyndy komandamyza janköýerlik edýärin hem-de ussat oýunçylar Arslan Amanow, Altymyrat Annadurdyýew, Ruslan Mingazow ýaly oýunçylary özüme görelde mekdep  hasaplaýaryn . Men hemişe şol oýunçylaryň derejesine ýetmäge ymtylýaryn.

Ýurdumyzyň çempiony "Altyn Asyryň" AFK Kubogy ugrundaky ýaryşyň finalyna çykanlygyna diýseň buýsanýaryn. Ildeşlerimiziň final duşuşygynda-da ýeňiş gazanyp diýarymyzyň sport abraýyny artdyrjaklaryna tüýs ýürekden ynanýaryn

- Geljekde öz öňünde goýan maksatlaryň barada aýdaýsaň!

  - Her bir türgeniň baş arzuwy maksady öz ýurdunyň milli ýygyndysyna düşüp baýdagy astynda çykyş etmek. Meniňem arzuwym geljekde ussat oýunçylaryň hatarynda öz milli ýygyndymyzyň düzümine goşulyp diýarymyzyň gazanýan ýeňişlerine goşant goşmak.

- Ýürek arzuwlaryňam eşitsek ýakymly bolardy.

Türkmen sportunyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň  biz ýaşlar üçin edýän taýsyz aladalaryna minnetdarlyk bildirýärin. Biz arman-ýadaman Watanymyzyň abraýyny ýokary galdyrmak üçin gije gündiz türgenleşigimizi dowam ederis. Türkmen türgenlerine öňde duran birnäçe halkara ýaryşlarda diňe üstünlik gazanmagy arzuw edýärin.

-Beren gyzykly gürrüňleriň üçin köp sag bol Ruslan. Biz geljekde seniň uly-uly sepgitlere ýetmegi arzuw edýäris. Hemişe ýeňiş ýaranyň bolsun. Nesip bolsa geljekde biz seniň has uly derejelere ýetenligiň barada köp söhbet ederis.

Söhbetdeşligi ýazga geçiren Şöhrat ÝOMUDOW,

sport synçysy.