Федерация футбола Туркменистана

  • Turkmen
  • Русский


Milli ýygyndymyzyň taryhyna ser salýarys

 

Birleşen Arap Emirliklerinde (BAE) 2019-njy ýylyň 5-nji ýanwary 1-nji fewraly aralygynda 17-nji Aziýa Kubogy ugrundaky futbol ýaryşy geçirler. Bu ýaryş BAE-de 2-nji gezek geçirilýär. Aziýa Kubogynyň bu gezekkisine milli ýygyndylaryň 24-si gatnaşýar. Duşuşyklar Dubaý, Abu-Dabi, Al-Aýn, we Şarja şäherlerinde jemi 8 stadionda geçirilýär. Bu ýaryşa iñ köp gatnaşan ýygyndylar Eýranyň we Günorta Koreýanyň milli ýygyndylarydyr ,olar 14-nji gezek Yklym ýaryşynda çykyş edýärler.

Ilkinji gezek gatnaşýan ýygyndylar bolsa Ýemeniň, Filippinleriň we Gyrgyzystanyň milli ýygyndylarydyr.

Biziñ ýygyndymyz bu ýaryşa 2-nji gezek gatnaşýar.

Toparçalarda 3-nji orny eýelän 4 milli ýygyndy indiki tapgyra çykmaga hukuk gazanar.

Milli ýygyndymyzyň taryhyndan gürrüň açýarys

Milli ýygyndymyz ilkinji resmi duşuşygyny 1992-nji ýylyñ 1-nji iýunynda myhmançylykda geçirip, şonda ýoldaşlyk duşuşygynda Gazagystanyň ýygyndysyndan 1-0 hasabynda asgyn geldi.

Milli ýygyndymyzyñ ilkinji goluny 1992-nji ýylda Daşkentde Özbegistan bilen geçiren ýoldaşlyk duşuşygynda geçirmegi başardy. Şonda 2-1 hasabynda özbek futbolçylary ýeñiş gazandy. Şol duşuşykda milli ýygyndymyzyñ futbolçysy Witaliý Zolotuhin tapawutlanyp, milli ýygyndymyzyñ ilkinji goluny geçiren futbolçy boldy.

Milli ýygyndymyz ilkinji 3 utugyny 1992-nji ýylda Aşgabatda "Köpetdag" stadionynda Gyrgyzystan bilen geçiren duşuşygynda gazandy. 4-0 hasabynda gazanylan ýeňişde gollary Waleriý Kirillow, Gurbangeldi Durdyýew, Çaryýar Muhadow we Amanmyrat Meredow dagy geçirdi.

Milli ýygyndymyz iñ uly hasaply ýeñşini 2003-nji ýylyñ 19-njy noýabrynda Aşgabatda Owganystanyñ milli ýygyndysy bilen geçiren duşuşygynda gazandy. Şonda 11-0 hasabynda ildeşlerimiz üstün çykdy. Duşuşykdaky gollary Guwançmuhammet Öwekow 2, Begençmuhammet Kulyýew 3, Nazar Baýramow 1, Omar Berdiýew 1, Rejepmyrat Agabaýew 3, Didargylyç Orazow 1 geçirdiler.

Aziýa Kubogyndaky garşydaşlarymyz hakynda kelam-agyz...

Aziýa Kubogynda milli ýygyndymyz "F" toparçada Ýaponiýanyň, Özbegistanyň hem-de Omanyň milli ýygyndylary bilen duşuşarlar.

Garşydaşlarymyzyň dünýädäki we Aziýa yklymyndaky eýeleýän orunlary:

 Ýaponiýa – 1409 utuk, dünýäde 50-nji, Aziýada 3-nji orun.

Oman – 1287 utuk, dünýäde 85-nji, Aziýada 10-njy orun.

Özbegistan – 1254 utuk, dünýäde 94-nji, Aziýada 13-nji orun.

Türkmenistan – 1120 utuk, dünýäde 128-nji, Aziýada 25-nji orun.

Milli ýygyndymyz dünýä sanawyndaky iň uly ösüşi 2004-nji ýylda görkezip, şonda 86-njy orna düşmegi başarypdy.

2004-nji ýylda Aziýanyñ Kubogy Hytaýda geçirilipdi. Şonda milli ýygyndymyz ilkinji gezek Yklym ýaryşyna gatnaşypdy. Şol gezek toparçamyzda Saud Arabystanyň, Özbegistanyň we Yragyň çykyş edendigini ýatladýarys.  1 utuk toplan milli ýygyndymyz şonda toparçany 3-nji orunda tamamlapdy.

Milli ýygyndymyzyñ toparçadaky garşydaşlary bilen özara oýunlary

Özbegistanyñ ýygyndysy bilen 9 gezek duşuşdyk:

28.06.1992. Özbegistan-Türkmenistan –  2-1

25.10.1992. Türkmenistan-Özbegistan – 1-0

11.04.1994. Özbegistan- Türkmenistan – 4-0

11.10.1994. Özbegistan-Türkmenistan – 3-0

11.12.1998. Özbegistan-Türkmenistan – 1-1

08.10.2000. Özbegistan-Türkmenistan – 3-0

25.04.2001. Özbegistan-Türkmenistan – 1-0

03.05.2001. Özbegistan-Türkmenistan – 5-2

26.07.2004. Özbegistan-Türkmenistan – 1-0

Omanyň ýygyndysy bilen 4 gezek duşuşdyk:

18.05.2008. Oman-Türkmenistan – 2-1

03.09.2015. Oman-Türkmenistan – 3-1

17.11.2015. Türkmenistan-Oman – 2-1

08.08.2016. Oman-Türkmenistan – 1-0.

Ýaponiýanyñ milli ýygyndysy bilen biziñ ýygyndymyz häzire çenli duşuşmadylar.

Milli ýygyndymyzda işlän baş tälimçiler:

1992-1996-njy ýyllarda Baýram Durdyýew.

1996-1997-nji ýyllarda Guja Guguşwili (Gruziýa)

1997-1998-nji ýyllarda Täçmyrat Agamyradow.

1998-1999-nji ýyllarda Wiktor Pozeçewskiý (Ukraina).

1999-njy ýylda Gurban Berdiýew.

1999-2000-nji ýyllarda Röwşen Muhadow.

2000-2001-nji ýyllarda Täçmyrat Agamyradow.

2002-2003-nji ýyllarda Wladimir Bessonow (Ukraina).

2003-2004-nji ýyllarda Rahym Gurbanmämmedow.

2005-nji ýylda Boris Grigorýans

2005-2006-njy ýyllarda Amangylyç Koçumow.

2007-2009-njy ýyllarda Rahym Gurbanmämmedow.

2009-2010-njy ýyllarda Boris Grigorýans.

2010-2014-nji ýyllarda Ýazguly Hojageldiýew.

2014-nji ýylda Rahym Gurbanmämmedow.

2015-2016-njy ýyllarda Amangylyç Koçumow.

2017-nji ýyldan häzirki wagta çenli Ýazguly Hojageldiýew.

Ýaponiýanyñ milli ýygyndysy Aziýanyñ Kubogyna 9-njy gezek gatnaşýar: 4 gezek 1992-2000-2004-2011-nji ýyllarda Çempion bolmagy başardy.

Omanyñ milli ýygyndysy bu ýaryşa 4-nji gezek gatnaşýar.

Özbegistanyñ milli ýygyndysy Aziýanyñ Kubogyna 7-nji gezek gatnaşýar. Bu iki ýygyndy baýrakly orunlary eýeläp görenoklar.

Milli ýygyndymyzyñ statistikalary bilen tanyş edýäris:

Milli ýygyndymyz häzirki wagta çenli 152 duşuşyk geçirdi, 65 ýeñiş, 28 deñlik, 59 ýeňliş. Ýygyndymyz garşydaşlarynyñ derwezesine 266 gol geçirip, öz derwezesine bolsa 223 gol geçirtdi.

Taýýarlan Hezret Hojagulyýew,

sport synçysy.