Федерация футбола Туркменистана

  • Turkmen
  • Русский


Jemşit Orazmuhammedow: «Futbolçy bolmazlyk, futbola dahylsyzlyk däl...»

Durmuşda käbir adamlar bolýar, olar bilen işleýän käri hakynda gürleşseň, özüniň şol käre, ýa-da şol wezipä dahylly ýeri hakynda gürlemegi gowy görýärler. Onsoň senem şol kär diňe şul adama degişlimikä diýip alasarmyk pikirlere çolaşyp oturansyň. Sebäbi, söhbet bir adamyň çäginden çykyp bilenok. Emma käbir adamlar bar, olaryň kesbi hakynda sorasaň, şol işiň umumy köpçülige edýän täsirini we dahylyny düşündirip berýärler. Şolar ýaly-da, adam üçin diňe bir gürrüňdeşiň hakynda däl, eýsem-de onuň pişesi hakynda hem giden bir dünýä açylaýýar. Marynyň “Merw” toparynyň tejribeli futbolçysy Jemşit Orazmuhammedow bilen eden gürrüňimizem ikinjisine degişli boldy. Ilki futbolçynyň özüne ýüzlenip, ol hakda gyzyklanyp başlan bolsam hem, söhbetimiziň nädip umumy futbola syrygyp gideninem duýmandyrys.

 −Jemşit, tüweleme, siz ine milli çempionatymyzda uzak möhletden bäri  çykyş edip gelýän sanaýmaly futbolçylaryň biri. Meniň çakyma görä, on-on bäş ýyl dagy boluberendir uly futbolda çykyş edip ugranyňyza. Bu az möhlet däl, elbetde. Ýaryşyň islendik basgançagyndan habaryňyz bar diýsegem boljak. Şeýle az bolmadyk tejribäňize daýanyp, çempionatymyzyň şu günki ýagdaýy hakynda näme diýip bolar?

Düýn ýaly bolup duýulýanyna garamazdan, ilkinji gezek “Köpetdag” toparynyň düzüminde meýdança çykanymda on sekiz ýaşymdalygym ýadyma düşse,  wagtyň suw ýaly akýanlygy hakynda oýlanaýýan dogrusy. Şondan bäri uly futbolda dürli ýyllaryň dowamynda “Ahal” we “Energetik” toparlarynda çykyş etdim. Şu wagtam Marynyň “Merwinde”. Bir futbolçyň karýerasy babatda alanyňda siziň diýişiňiz ýaly “az möhlet däl”. Emma taryh üçin ýaňy bir 26-njy möwsümini geçirýän futbol çempionatymyzyň başlan wagty gaty uzakda-da däl.Yklymda has irki wagtlardan bäri futboly rowaçlanan ýurtlaryň bardygyny göz öňünde tutsak, onda bizde-de gysga wagtyň içinde uly işler edildi. Edil bu günki ýagdaý hakda aýtmaly bolsa, çempionatyň geçen ýylkydanam gyzykly geçjekdigi görnüp duran ýagdaý. Birinjiden-ä, milli ýygyndymyzyň esasy agzalary içerki çempionatymyzda çykyş edýär, ikinjidenem, iki sany toparymyzyň AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn basgançagynda oýnaýandygy hem bu ýylky möwsümiň örän çekeleşikli geçjegini aňladýar...

−Hawa. Edil üçünji tapgyrda ýurdymyzyň kubogynyň eýesi, galyberse-de AFK-nyň kubogynda üstünlikli çykyş edýän “Ahalyň” öz öýünde “Köpetdag” topary bilen golsuz deňlige razy bolmagam  bu möwsümde çempionlyk üçin göreşiň ýiti boljagyny aňladýarmyka diýýän.

Gaty dogry bellediňiz. “Köpetdagyň” deň oýnamagyna garaşylmadyk hasap diýip bolmaz. Tersine, her bir topardan her hili netijä garaşyp boljaklygyny aýtsak dogry bolarmyka diýýän. Futbol şolar ýaly, ol aňsat öňünden çaklap bolmaýan şowhunlary bilen millionlaryň oýnuna öwrüldi. Şonuň üçinem ony sungata deňeýärler..

−Sungat diýeniňde bir zat ýadyma düşdi. Şeýleräk bir aýtgy bardy. Kär diýilýän zat kämilleşip iki hala bölünip biler. Birinjisi biznese, ikinjisi, siziň diýişiňiz ýaly sungata...

Özüm-ä sungaty birinji diýip alardym. Ýöne  men ol aýdylan pikire-de ýalňyş diýip bilemok. Elbetde, biziňki futbol oýnamak, islendik futbolçam şony edýär. Emine boýun egýär, tälimçini diňleýär. Eger futbol biznese öwrülen bolsa, onda futbolça keseden kimdir biri ýa nämedir bir zat täsir edendir.Galyberse-de, futboly biznese öwürmek üçinem ony ilki sungat derejesine ýetirip, daşyňa millionlap janköýer üýşürmegi başarmaly. Adamlary daşyna üýşürip bilen islendik zatdan biznesi  ýola goýmak mümkin. Emma futbolyň lezzetini alyp boljak başga bir zady tapmak kyn bolaýmasa...

−Jemşit, umuman futbol siziň üçin näme onda, eger bir söz bilen aýdyp bolsa?

-Ömür, futbol meniň ömrüm. Futbol üçin men kim, ony bilmedim, belki janköýerler kesgitlär, emma futbol meniň üçin ýaşaýyş diýmek...

−Eger futbolçy bolmadyk bolsaňyz?..

Öz biznesimi ýola goýardym (Ol ýylgyrdy, menem goşuldym). Aslynda  futbolçy bolmazlyk, futbola dahylsyzlyk däl-ä. Islendik tarapdan futbola bagly bolup bolar, hatda ykbalyňam bagyş edip bolar, synçylar we janköýerler ýaly...

−Janköýerlere näme aýdyp bolar?..

Hä, toparyň on ikinji agzalary hakyndamy? Olar bar-futbol bar, olar bar-biz bar,  olar sebäpli ine siziň ýaly synçylar bar. Garaz janköýerler üçin köp zat bar. Olar hakynda bir zat diýmezden öň olara näme berdimkäm diýip oýlanýan. Türkmenistanyň kubogyny  hem-de Naýbaşy kubogyny gazanmagym, ondan başga-da Türkmenistanyň çempionatynda baýrakly ikinji we üçünji orna mynasyp bolmagym... Ýöne men olaram heniz kanagatlanarly däl hasap edýän. Türkmen janköýerleri, esasanam “Merwçiler” goldaw bermekde ýadamany-ýaltanmany bilenoklar. Olara “Berekella!” diýmeli.

−Arzuwlaryňyz...

Megerem ikimiziň arzuwlarymyz birmeňzeşräk bolsa gerek.AFK-nyň kubogynda çykyş edýän toparlarymyza we indiki ýyl yklym kubogyna gatnaşýan milli ýygyndymyza üstünlik arzuw edýän. Halkara ýaryşda türkmen futbolynyň bir gez ýokary galmagy hemmämiz üçin deň şatlyk. Bizem öz toparymyz bilen ýurdumyzda baýrakly orun alyp, kubok ýaryşynda şowly çykyş edip AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşa ýollanma gazanmagy maksat edip goýduk. Nesip bolsa, şol maksat ugrunda-da göreşeris.

−Jemşit, söhbetdeşlik üçin  sag boluň. Üstünlik ýaranyňyz bolsun!

Size we tff.com.tm” saýtynyň ähli döredijilik işgärlerine öz adymdan hem-de “Merw” toparynyň adyndan edýän işleriňiz üçin sag bolsun aýdasym gelýär. Saglykda görşeliň!

Merdan Baýadow, sport synçysy.