Федерация футбола Туркменистана

  • Turkmen
  • Русский


Iki aýlaw yzda galdy, öňde ýene şonçasy bar

 

Şu gün 27-nji gezek geçirilýän Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynyň ýokary ligasynyň üçünji aýlawy badalga alar. Şu pursatda çempionatda yzda galan ýarpy menzile ser salsak ýerlikli bolar.

***

Milli çempionatymyzyň ýokary ligasynyň oýunlaryna mart aýynyň 12-sine badalga berildi. Bu ýylam çempionat 4 aýlawdan ybarat bolup, oňa 8 topar gatnaşýar. Olar Aşgabat şäherinden «Altyn Asyr», «Aşgabat», «Köpetdag» we Ahal welaýatynyň Änew şäherinden «Ahal», Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinden «Nebitçi», bu welaýatyň Türkmenbaşy şäherinden «Şagadam», Mary welaýatynyň Mary şäherinden «Merw» we bu welaýatyň Türkmenbaşy şäherçesinden «Energetik» toparlarydyr.

***

Şu möwsümiň ilkinji goluny geçiren 2 sany futbolçymyz bar. Olaryň biri   «Altyn Asyr» toparyndan Altymyrat Annadurdyýewdir. Olar öz meýdançasynda, ýagny «Aşgabat» stadionynda 400 janköýeriň tomaşa etmeginde, daşoguzly emin Alibek Sapaýewiňem eminlik etmeginde «Nebitçi» toparyny kabul edip, 5-2 hasabynda ýeňiş gazandylar. Altymyrat şol duşuşykda 9-njy minutda tapawutlanmagy başardy.

 Şol bir wagtda, ýagny 9-njy minutda tapawutlanan ikinji futbolçy bolsa «Köpetdag» toparyndan Baýramgeldi Gulmaýewdir. Baýramgeldiniň topary myhmançylykda, Mary şäheriniň sport toplumynda Akmyrat Gurbanowyň eminlik etmeginde, 1500 tomaşaçynyň tomaşa etmeginde «Energetik» toparyny 0-3 hasabynda ýeňmegi başardy.

***

«Energetik»—«Köpetdag» we «Nebitçi»—«Şagadam» duşuşyklary çempionatyň iň köp janköýer ýygnanan oýunlarydyr ( 1500 tomaşaçy).

***

Çempionatyň ilkinji 11 metrlik jerime urgusy «Altyn Asyr»—«Nebitçi» duşuşygynda bolup geçdi. Duşuşygyň 31-nji minutynda «Altyn Asyryň» hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew şol urgyny ýerine ýetirdi, ýöne «Nebitçiniň» derwezebany Alikper Kerimow ony ussatlyk bilen gaýtarmagy başardy.

 11 metrlik jerime urgusyndan ilkinji tapawutlanan futbolçy hem şol oýunda hasaba alyndy. «Nebitçiniň» oýunçysy Aşyrgeldi Ylýasow 33-nji minutda 11 metrlik jerime urgyny dürs ýerine ýetirdi.

Şu möwsümiň ilkinji sary duýduryşy hem şol duşuşykda Serdar Geldiýewe görkezildi.

***

Ilkinji meýdançadan çykarylan futbolçy 1-nji tapgyrda hasaba alyndy. «Şagadam» öz meýdançasynda «Merwi» kabul etdi. Jumamyrat Jumamyradowyň  eminlik etmeginde geçen oýunda «Merwiň» futbolçysy Myratgeldi Gurbangeldiýew 2-nji duýduryşyny alyp, meýdançadan çykarylan futbolçy boldy. Şu ýokardaky hasaplamalaryň ählisi 1-nji tapgyrda bolup geçdi.

***

 2 aýlawyň içinde jemi 56 duşuşyk geçirildi. Şol duşuşyklarda jemi 134 gol geçirildi. Çempionatyň öňüni bassyr 4 ýylyň çempiony bolan, 14 duşuşyk geçirip, 29 utuk toplamagy başaran «Altyn Asyr» topary çekýär. Iň soňky orny bolsa «Merw» topary eýeleýär. Marylylar bary-ýogy 1 gezek ýeňiş gazandylar, ýagny 3-nji tapgyrda öz meýdançasynda «Köpetdag» toparyny 4-2 hasabynda utmagy başardylar.

***

Iň uly hasaply ýeňşi «Altyn Asyr» öz meýdançasynda «Merwi» kabul etmek bilen gazandy. Şonda «Altyn Asyr» 6-0 hasabynda üstün çykdy.

***

 Iň köp gol geçirilen tapgyr bolsa 1-3-nji tapgyrlardyr. Bu  2 tapgyryň hersinde 13 gol geçirildi.

***

Şu möwsümde şu güne çenli hiç bir futbolça 1 duşuşykda 3 gol geçirmek başardanok.

***

Şu möwsümde «Aşgabat»—«Ahal», «Merw»—«Şagadam», «Nebitçi»—«Ahal», «Nebitçi»—«Energetik» duşuşyklarynda hasap açylmady. Galan ähli oýunlarda bolmanda 1 gol derwezä girizildi.

***

 Çempionatda iň köp gaýtalanan hasap bolsa 1-0 hasabydyr. Şu hasap bilen 13 duşuşyk tamamlandy. Myhmançylykdaky iň uly hasaply ýeňşi «Şagadam» gazandy. Ol «Köpetdagy» 4:1 hasabynda ýeňdi.

***

 Çempionatda iň köp eminlik eden Begenç Allaberdiýewdir, ol 9 oýunda eminlik etdi.

***

2 aýlawyň netijesinde meýdançadan çykarylan 10 futbolçy bar. Olar «Merwden» Myratgeldi Gurbangeldiýew we Akmyrat Jumanazarow, «Nebitçiden» Elýas Akyýew we Nurtagan Mämmedalyýew, «Şagadamdan» Seruziddin Jumaniýazow we Aşyrgeldi Saryýew, «Energetikden» Döwlet Baýramow we Döwlet Mirsoltanow, «Köpetdagdan» Elýasberdi Berenow, «Altyn Asyrdan» Gurbangeldi Batyrow.

***

 56 duşuşykda jemi 12 sany 11 metrlik jerime urgusy bellenildi. Olaryň 2-sini derwezebanlar gaýtardylar. Olaryň birini ýaňam agzap geçipdik—Alikper Kerimow, beýlekisi bolsa «Köpetdag»—«Energetik» duşuşygynda boldy. «Energetikden» Döwlet Baýramowyň depen topuny «Köpetdagyň» derwezebany Rahat Japarow gaýtarmagy başardy.

***

56 duşuşykda jemi 6 gol awtogol hökmünde  hasaba alyndy.

 

 56 duşuşyga stadionlarda jemi 29200 janköýer tomaşa etdi

***.

Iň köp gol geçiren 3 futbolçy «Altyn Asyrdan» Altymyrat Annadurdyýew (10 gol), «Ahaldan» Didar Durdyýew (8 gol), «Altyn Asyrdan» Murat Ýakşiýew (6 gol) dagydyr.

***

Iň tiz gol geçiren 2 sany futbolçy bar. Olar «Altyn Asyrdan» Altymyrat Annadurdyýew we «Şagadamdan» Serdaraly Ataýew. Bularyň ikisem 4-nji minutda tapawutlanmagy başardylar.

***

Çempionatyň 50-nji goluny «Altyn Asyrdan» Myrat Annaýew geçiren bolsa, 100-nji goly  «Energetikden» Döwran Hojamämmedow geçirmegi başardy.

***

Toparlaryň ýokary liga taryhynda iň ýatda galyjy hasaplamalaryna ser salalyň:

«Altyn Asyr» topary möhleti üýtgedilen oýunda «Aşgabat» bilen duşuşdy we taryhynda 350-nji duşuşygyny geçirdi. «Altyn Asyr» myhmançylykda «Aşgabat» toparyny 1-2 hasabynda utmagy başardy. Toparynyň ýeňiş getiren goluny geçiren Myrat Annaýew «Altyn Asyryň» taryhyndaky 700-nji goluny geçirmegi başardy.

***

  «Şagadam» myhmançylykda «Köpetdagy» 1-4 hasabynda utmagy başardy. Bu  «Şagadamyň» ýokary ligadaky 300-nji ýeňşidir.

***

  «Ahal»  6-njy tapgyrda öz meýdançasynda «Merwi» 3-0 hasabynda utmagy başardy we toparyň 3-nji goluny Merdan Gurbanow geçirdi. Onuň geçiren goly toparyň taryhyndaky 800-nji goly boldy.

***

«Energetik» 5-nji tapgyrda öz meýdançasynda «Nebitçini» 1-0 hasabynda utmagy başardy we taryhyndaky 50 ýeňşini gazandy.

***

 «Energetik» 11-nji tapgyrda öz meýdançasynda «Ahaly» kabul edip, 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. «Ahalyň» ýeke-täk goluny Merdan Gurbanow geçirdi. Onuň geçiren goly «Energetigiň» taryhynda öz derwezesine geçirden 200-nji goly boldy.

         ***

«Merw»  9-njy tapgyrda öz meýdançasynda «Nebitçi» bilen 1-1 hasabynda deňme-deň oýnady. Şol deňlik toparyň taryhyndaky 150-nji deňligidir.

 

Hezret Hojagulyýew,

Balkanabat şäheri.