Федерация футбола Туркменистана

  • Turkmen
  • Русский


“Balkan” Türkmenistanyň Kubogynyň çärýekfinalynda

“Balkan” toparynyň futbolçylary hiç bir gypynçsyz çärýekfinala çykmagy başardy. Birinji duşuşykda “Balkan” garyşydaşyny 8:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdi. Şu nukdaýnazardan seredeniňde jogap duşuşygy adaty bir duşuşyga öwrülmelidi. Ýöne, Tejen şäheriniň adybir topary 2 müňe golaý tomaşaçynynyň goldaw bermeginde Kubok bäsleşiginiň jogap duşuşygyna örän taýýarlykly gelipdi. Eýýäm, duşuşygyň 3-nji minutynda “Tejen” topary 11 metrlik jerime urgusyny ýerine ýetirmäge hukuk gazandy. M.Haýtmuhammedow öňünde dörän amatly pursady gola öwürmegi başardy. Şondan soň hüjümleriniň sanyny artdyran “Balkan” netijeli urgularyň ikisini geçirmegi başardy. Çärýekfinalda “Balkan” topary ýurdumyzyň çempiony “Altyn Asyr” topary bilen duşuşar. Türkmenistanyň Kubok ugrundaky duşuşygynyň netijesi: "Tejen" – "Balkan" – 1:2 (1:0) 31-nji iýul. Tejen. "Sport desgasy". 1 330 tomaşaçy. Gollar: Mekan Haýtmuhammedow 3 11.j,u. (“Теджен”)– Ihlas Magtymow 75, Şamämmet Hydyrow 85 (“Balkan”) Duýduryşlar: Geldimuhammet Aşyrlyýew 20 (“Tejen”)– Akmämmed Metdäýew 62 (“Balkan”) Судья: Çarymyrat Gurbanow. Duşuşygyň gözegçi emini: Eldar Ramazanow.