Федерация футбола Туркменистана

  • Turkmen
  • Русский


“Ahal” täze sahypa açdy

Meşhur gruzin ýazyjysy Nodar Dumbadzäniň “Helladus” hekaýasynda oglanjygyň söýgüli saz guralynyň döwülýän pursadyny suratlandyryşy ýadyňyzdamy? Öz gahrymanlaryny adatça “men” diýip alýan söz ussady şol halatda “skiripkanyň döwlen sesini hemmeden ilki özüm eşitdim” diýip beýan edýär. Şeýlelikde, ýazyjy söýgüli saz guralyndan aýrylan oglanjygyň ruhy ýagdaýyna has içgin aralaşýar, arzuwlary bilen baglap arzylap ýören saz guralyndan aýrylyp gazaba münen oglanjyk hekaýanyň gahrymanyna öwrülýär we eseri okanlarda oňa bolan duýgudaşlygy döredýär...

Hujand şäherindäki “Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy” stadionyna ýygnalan 25 müňe golaý janköýerem 20-nji fewralda ýokarda gürrüňi edilen hekaýanyň gahrymany bilen haýsydyr bir manyda meňzeş ahwala düşdüler. Çünki olaryň AFK-nyň kubogyndaky ajaýyp oýunlaryna tomaşa etmek we söýgüli “Hujand” toparlarynyň halkara oýunlaryndan uzak wagtlap lezzet almak hakdaky arzuwlary paşmady. Olara kyn tarapy hem soňky ýeňlişe hemmelerden öň olaryň özleri şaýat boldular.“Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy”  stadionynyň tablosyna ýazylan “Hujand”−“Ahal” 0:2 hasaby, täjik toparynyň halkara oýunlardaky ýörişine nokat goýan bolsa, Ahal welaýatynyň adybir “Ahal” toparyny AFK-nyň kubagynyň toparçadaky tapgyryna alyp çykdy.

Men durmuşa diňe bir wakalar däl, ahwallar we tolgunmalar esasynda düşünmäge çalyşýan, bu futbol babatda hem şeýle.Belki, şonuň üçindir sözümiň başyny ýeňlen toparyň janköýerlerine duýgudaşlyk bildirmek bilen başlamagy adat edinipdirin. Her halda bu futbol, utulan çykdy oýunlaryň bolsa ykbaly gaty gitse iki oýun.

Biz bu oýnuň öň ýanyndan Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň we “Ahalyň” esasy hüjümçisi Süleýman Muhadowyň pikirleri bilen gyzyklanypdyk. Şonda: “Siz Balkanabatda 1:0 hasabynda ýeňiş gazandyňyz. Indi “Ahaly” myhmançylykda deňligem kanagatlandyrýar diýenimizde hüjümçiniň: “Bizi deňlik kanagatlandyranok, maksat−gitmeli, oýnamaly we utmaly” (Bu hakda Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň www.tff.com.tm saýtynyň makalalar bölüminden okap bilersiňiz) diýip jogap berendigini şu ýerde aýratyn belläsim gelýär.

Süleýman sözünde tapyldy. Tajigistanda geçen oýunyň birinji ýarymy deňräk geçenem bolsa, ikinji ýarymda ildeşlerimiz doly artykmaçlyk gazandylar. 49-njy minutda Wezirgeldi Ylýasowyň netijeli urgusy “Ahaly” 1:0 hasabynda öňe çykardy. Aradan üç minut geçip-geçmänem Süleýman Muhadow hasaby 2:0-a ýetirdi. Şol hasap hem oýnuň ykbalyny kesgitledi.

77-nji minutda ildeşlerimizde hasaby artdyrmaga gowy mümkinçiligem döredi. Emma “Hujandyň” estoniýaly derwezeçisi Aleksandr Matrosow Myrat Annaýewiň ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusyny yzyna gaýtarmagy başardy. 
Şeýlelikde “Ahal” türkmen futbolunyň taryhynda täze sahypa açdy. Bu ýeňişden soň, AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn bäsleşigine taryhda ilkinji gezek iki sany türkmen topary gatnaşar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň çempiony “Altyn asyr” bilen saýlama tapgyrlardan üstünlikli geçen Ahal welaýatynyň “Ahaly” taryhda ilkinji gezek AFK-nyň kubogy ugrundaky oýunda iki sapar özara güýç synanyşar. Iň gyzykly ýeri türkmen futbolynyň merkezi oýny hasaplanýan “Altyn asyr”−“Ahal” derbisi indi AFK-nyň kubogynyňam bezegine öwrülip, yklymyň janköýerleriniň nazarynda has-da ýiti şöhlelener diýip umyt edýäris. 

Şu ýylyň 7-nji martynda başlanjak toparçalaýyn bäsleşikde paýtagtymyzyň “Altyn asyry” Gyrygyz Resbulikasynyň “Alaý” toparynyň myhmany bolsa, “Ahal” ýene-de Täjigistana sary ýola düşer. Röwşen Meredowyň şägirtleri şol ýerde AFK-nyň kubogynyň soňky iki ýyldaky finalçysy “Istiklol” bilen güýç synanşar. 

 
 Merdan Baýadow,

sport synçysy.