Ýurdumyzyň toparlary AFK-nyň Kubogy – 2022-niň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş ederler
21 Iýun, 2022 ý.

Paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” hem-de “Köpetdag” toparlary AFK-nyň Kubogy – 2022-niň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş ederler. Ýurdumyzyň geçen ýylky çempiony “Altyn Asyr” Merkezi Aziýa sebitiniň “E” toparçasynda “SSKA-Pamir” (Täjigistan), “Sogdiana” (Özbegistan) hem-de “Neftçi” (Gyrgz Respublikasy) toparlary bilen bäsleşer. Bu toparçanyň duşuşyklary 24-30-njy iýun aralygynda merkezleşdirilen görnüşinde Duşenbe şäherinde geçiriler.

Geçen möwsüm futbol çempionatymyzy dördünji orunda tamamlan “Köpetdagyň” garşydaşlary Gyrgyz Respublikasynyň “Dordoý” hem-de Täjigistanyň “Hujand” toparlary bolar. Merkezi Aziýa sebitiniň “F” toparçasynyň duşuşyklary 24-30-njy iýun aralygynda merkezleşdirilen görnüşinde Bişkek şäherinde geçiriler.

Geçiriljek duşuşyklaryň netijesinde her toparçanyň ýeňijisi AFK-nyň sebit bäsleşiginiň aýgytlaýjy duşuşygynda güýç synanyşmaga mümkinçilik alarlar.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.