Ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň 21-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi
23 Noýabr, 2022 ý.

23-nji noýabrda Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň 21-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirilip, onuň netijesinde ýaryş tertibinde ilkinji üç orny eýeleýän «Köpetdag», «Deňizçi» hem-de «Senagatbank» toparlary nobatdaky ýeňişlerini gazandylar.

«Köpetdag» TNGIZT toparyny 10:1, «Deňizçi» «Ahaly» 7:0, «Senagatbank» topary bolsa «Daşoguz» toparyny 4:3 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler. Tapgyryň ýene-de bir duşuşygynda «Gümrükçi» «Milli goşundan» 4:1 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelikde, geçirilen duşuşyklardan soň 54 utukdan toplan «Köpetdag» bilen «Deňizçi» toparlary ýaryş tertibinde ilkinji iki orny eýeleýärler. 41 utugy bolan «Senagatbank» topary üçünji orunda ornaşdy.

Ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň 22-nji tapgyrynyň duşuşyklary 24-nji noýabrda geçiriler: TNGIZT – «Gümrükçi», «Ahal» – «Köpetdag», «Milli goşun» –»Senagatbank», «Daşoguz» – «Deňizçi».

21-nji tapgyryň netijeleri:
TNGIZT – «Köpetdag» – 1:10
«Ahal» – «Deňizçi» – 0:7
«Milli goşun» – «Gümrükçi» – 1:4
«Senagatbank» – «Daşoguz» – 4:3

Ýaryş tertipnamasy:

T/bTOPARLAROÝDUTU
1. «Köpetdag»211731111-3754
2. «Deňizçi»211731104-2154
3. «Senagatbank»21132662-4641
4. «Gümrükçi»21123677-5539
5. «Daşoguz»21531374-10418
6. TNGIZT21511552-9916
7. «Ahal»21401746-11412
8. «Milli goşun»21311744-9410
Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.