Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi
29 Noýabr, 2021 ý.

Şu gün Aşgabatda hem-de Türkmenbaşyda geçirilen duşuşyklaryň üçüsi bilen ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyryna badalga berildi.

Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda “Aşgabat” topary “Energetigiň” derwezesinden jogapsyz toplaryň bäşisini geçirmegi başardy – 5:0. Türkmenbaşyda ýerli “Şagadam” Balkanabadyň “Nebitçisini” kabul etdi. Bu duşuşyk myhman toparyň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Paýtagtymyzda geçirilen ýene-de bir duşuşykda “Köpetdag” bilen “Merw” toparlary duşuşyp, deňme-deň (1:1) oýnadylar.

9-njy tapgyrynyň jemleýji duşuşygy 30-njy noýabrda geçirilip, onda ýaryş teribiniň öňbaşçylary “Ahal” bilen “Altyn Asyr” toparlary duşuşarlar. Bu duşuşyk “Aşgabat” köpugurly stadionynyň merkezi meýdanynda geçirilip, 17:30-da başlanar.

9-njy tapgyryň duşuşyklary:

“Aşgabat” – “Energetik” – 5:0
Gollar: 18 Şatlyk Gurbanow, 53, 60 Gurbangeldi Sähedow, 80 Döwran Hоjamämmedow, 87 Meýlis Gaýlyýew (“Aşgabat”)
Duýduryşlar: 22 Hydyrgeldi Atdjanow, 43 Daýanç Nuryýew, 86 Batyr Täçnazarow, 89 Daýanç Meredow (“Aşgabat”) – 3 Serdar Annamämmedow, 66 Batyr Geldiýew, 70 Garly Garlyýew (“Energetik”)
Meýdandan çykarylan: 41 Serdar Annamämmedow, ikinji duýduryş (“Energetik”)
Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň komissary: R.Japarow (Aşgabat ş.)

“Şagadam” – “Nebitçi” – 0:1
Gollar: 39 (11 m.j.u.) Azat Garajaýew (“Nebitçi”)
Duýduryşlar: 39 Resul Mahmydow, 41 Baýramgeldi Nurlyýew, 45 Aşyrgeldi Saryýew, 70 Salim Umarow, 75 Mekan Aşyrow, Yhlas Magtymow, oýundan soň (“Şagadam”) –69 Akmämmet Metdäýew, 88 Guwanç Abylow (“Nebitçi”)
Meýdandan çykarylan: 56 Resul Mahmydow, ikinji duýduryş (“Şagadam”)
Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)
Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: B.Haknazarow (Aşgabat ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)
Duşuşygyň komissary: O.Mämmetgeldiýew (Aşgabat ş.)

“Köpetdag” – “Merw” – 1:1
Gollar: 56 (11 m.j.u.) Şiri Annaýew (“Köpetdag”) – 35 (11 m.j.u.) Begenç Alamow (“Merw”)
Duýduryşlar: 34 Şiri Annaýew, 75 Ýakup Maksadow (“Köpetdag”) – 55 Döwletgeldi Mirsultanow (“Merw”)
Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)
Kömekçi eminler: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)
Duşuşygyň komissary: B.Nurmyradow (Aşgabat ş.)

Ýaryş tertibi:

T/bToparlarOÝDUTU
1.«Ahal»853017-518
2.«Altyn Asyr»860216-1118
3.«Şagadam»952217-1217
4.«Köpetdag»925214-1311
5.«Nebitçi»92434-710
6.«Aşgabat»923414-139
7.«Merw»914413-187
8.«Energetik»91176-224
Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.