Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 22-nji tapgyrynyň birinji duşuşygynda «Merw» «Köpetdagdan» üstün çykdy
25 Noýabr, 2022 ý.

Şu gün, 25-nji noýabrda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 22-nji tapgyrynyň çäginde bir duşuşyk geçirilip, onda Mary şäheriniň «Merw» topary paýtagtymyzyň «Köpetdag» topary bilen duşuşdy. Üçünji orun ugrunda ýiti göreş alyp bu toparlaryň arasyndaky duşuşykda döreden mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanan «Merw» 3:2 hasabynda ýeňiş gazandy. Gazanan bu ýeňşinden soň utugyny 36-a ýetiren «Merw» eýeleýän üçünji ornunda galdy. 31 utugy bolan «Köpetdag» dördünji orny eýeleýär.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 22-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşyklary 26-njy noýabrda geçirilip, onda «Energetik» – «Altyn Asyr», «Nebitçi» – «Ahal» hem-de «Aşgabat» – «Şagadam» toparlary duşuşarlar.

22-nji tapgyryň duşuşyklary:
«Merw» – «Köpetdag» – 3:2
Gollar: 3, 61 (11 m.j.u.) Alibek Abdyrahmanow, 72 Orazberdi Myradow («Merw») – 21 Şamämmet Hydyrow, 30 Ýazgylyç Gurbanow («Köpetdag»)
Duýduryşlar: 87 Begli Meredow («Merw») – 27 Begenç Akmämmedow, 33 Şazada Bäşimow, 45 Şiri Annaýew, 66 Bagtyýar Gürgenow, 77 Batyrgylyç Berdiýew («Köpetdag»)
Meýdandan çykarylan: 90+4 Bagtyýar Gürgenow, ikinji duýduryş («Köpetdag»)
Geçirilen ýeri: «Sport toplumy» stadiony (Mary ş.)
Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)
Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: W.Baluýans (Türkmenabat ş.)
Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)

Çempionatyň tablisasy:

T/bToparlarOÝDUTU
1.«Ahal» FK21183069-1357
2.«Altyn Asyr» FK21137135-1146
3.«Merw» FK22113832-2936
4.«Köpetdag» FK221011136-3631
5.«Şagadam» FK2184933-3128
6.«Aşgabat» FK21621323-3320
7.«Energetik» FK21431414-4515
8.«Nebitçi» FK21311725-6910
Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2023.
Ähli hukuklary goragly.