Ýurdumyzyň futbol çempionatynda birinji tapgyryň duşuşyklary geçirildi
25 Oktýabr, 2021 ý.

Şu gün, 25-nji oktýabrda Türkmenistanyň futbol çempionatynda birinji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Paýtagtymyzda «Energetik» bilen duşuşan geçen ýylyň çempiony «Altyn Asyr» topary ynamly ýeňiş gazanyp (3:0), toplan 6 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji basgançaga geçmegi başardy.

«Aşgabat» stadionynda «Nebitçini» kabul eden «Ahal» hem ýeňiş gazanmagyň hötdesinden geldi. «Ahalyň» futbolçylary garşydaşynyň derwezesinden netijeli urgularyň ikisini geçirdi (2:0). Türkmenbaşyda ýerli «Şagadam» «Merwden 4:2 hasabynda üstün çykdy.

Bu tapgyrda «Köpetdag» bilen «Aşgabat» toparlarynyň arasynda geçirilmeli duşuşyk 12-nji noýabrda geçiriler.

Futbol çempionatymyzyň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary 29-njy oktýabrda geçiriler «Altyn Asyr» – «Ahal», «Merw» – «Köpetdag», «Nebitçi» – «Şagadam», «Energetik» – «Aşgabat»).

1-nji tapgyryň duşuşyklary:

«Altyn Asyr» – «Energetik» – 3:0

Gollar: 11 Altymyrat Annadurdyýew, 66 Mihail Titow, 90+2 Begmyrat Baýow («Altyn Asyr»)

Duýduryşlar: 68 Altymyrat Annadurdyýew, 80 Güýçmyrat Anngulyew («Altyn Asyr») – 12 Parahat Jumanazarow, 78 Begmyrat Pirkuliew («Energetik»)

Geçirilen ýeri: «Aşgabat» stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: R.Ereşow (Türkmenabat ş.)

Kömekçi eminler: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.)

«Ahal» – «Nebitçi» – 2:0

Gollar: 28 Ilýa Tamurkin, 61 Elman Tagaýew («Ahal»)

Duýduryşlar: 42 Umytjan Astanow, 66 Daýanç Orazgulyýew («Nebitçi»)

Geçirilen ýeri: «Aşgabat» stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), R.Isaýew (Mary ş.)

Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

«Şagadam» – «Merw» – 4:2

Gollar: 14, 90+5 Yhlas Magtymow, 82 Farhad Italmazow, 90+2 Hemra Amanmämmedow («Şagadam») – 6 Begenç Alamow, 27 Pirmyrat Gazakow («Merw»)

Duýduryşlar: 60 Farhad Italmazow, 66 Hydyr Ýakubow, 79 Aşyrgeldi Saryýew («Şagadam») – 35 Pirmyrat Gazakow, 55 Serdaraly Ataýew, 64 Toýly Goçnazarow, 75 Azat Orazmuhammedow («Merw»)

Geçirilen ýeri: «Şagadam» stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)

«Köpetdag» – «Aşgabat» (geçirilen 12.11.2021 ý.)

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.