Türkmkenistanyň futbol çempionatynyň 22-nji tapgyrynyň jemleýji oýun gününde duşuşyklaryň üçüsi geçirildi.
Balkanabat şäherinde ýerli «Nebitçi» bilen duşuşan ýaryş tertibiniň öňbaşçysy «Ahal» topary 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Bu ýeňşinden soň utugyny 60-a ýetiren «Ahal» birinji orny eýelemegini dowam edýär. 10 utugy bolan «Nebitçi» 8-nji orunda ornaşdy.
Ýaryş tertibiniň ikinji topary paýtagtymyzyň «Altyn Asyry» hem bu tapgyryň duşuşygyny ýeňiş bilen tamamlady. Paýtagtymyzyň topary myhmançylykda «Energetigi» 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, 49 utuk toplady. Ýedinji orny eýeleýän «Energetigiň» 15 utugynyň bardygyny bellemek gerek.
Tapgyryň ýene-de bir duşuşygy paýtagtymyzda geçirilip, onda «Aşgabat» öz meýdanynda «Şagadamdan» üstün çykdy (1:0). 28 utugy bolan «Şagadam» bäşinji, 23 utuk toplan «Aşgabat» topary bolsa altynjy orunlary eýeleýärler.
Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 23-nji tapgyry 29-njy hem-de 30-njy noýabrda geçiriler: «Merw»– «Energetik», «Köpetdag» – «Aşgabat», «Şagadam» – «Nebitçi», «Ahal» – «Altyn Asyr».
22-nji tapgyryň duşuşyklary:
«Energetik» – «Altyn Asyr» – 0:2
Gollar: 8 Arslan Saparow, 17 Ahmet Nurmedow («Altyn Asyr»)
Duýduryşlar: 83 Serdar Annamämmedow («Eneregetik») – 66 Selim Ataýew («Altyn Asyr»)
Geçirilen ýeri: «Energetik» stadiony (Mary ş.)
Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: K.Sapaýew (Daşoguz ş.)
Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)
«Nebitçi» – «Ahal» – 0:1
Gol: 57 Didar Durdyýew («Ahal»)
Duýduryşlar: 12 Bekberdi Sarybaýew, 35 Maksat Çagbalyýew, 45+1 Abdymuhammet Begjanow («Nebitçi») – 35 Meýlis Diniýew («Ahal»)
Geçirilen ýeri: «Sport toplumy» stadiony (Balkanabat ş.)
Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: I.Kurambaýew (Daşoguz ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: R.Isaýew (Mary ş.)
Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)
«Aşgabat» – «Şagadam» – 1:0
Gol: 58 Merdan Muhadow, 11 m.j.u. («Aşgabat»)
Duýduryşlar: 28 Myrat Amantaganow, 72 Batyr Täçnazarow, 80 Batyr Geldiýew («Aşgabat») – 51 Resul Mahmydow, 65 Ýewgeniý Tkaçenko, 69 Nazar Towakelow («Şagadam»)
Geçirilen ýeri: «Nusaý» stadiony (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: A.Begnazarow (Mary ş.)
Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)
Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)
Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.)
Çempionatyň tablisasy:
T/b | Toparlar | O | Ý | D | U | T | U |
1. | «Ahal» FK | 22 | 19 | 3 | 0 | 70-13 | 60 |
2. | «Altyn Asyr» FK | 22 | 14 | 7 | 1 | 37-11 | 49 |
3. | «Merw» FK | 22 | 11 | 3 | 8 | 32-29 | 36 |
4. | «Köpetdag» FK | 22 | 10 | 1 | 11 | 36-36 | 31 |
5. | «Şagadam» FK | 22 | 8 | 4 | 10 | 33-32 | 28 |
6. | «Aşgabat» FK | 22 | 7 | 2 | 13 | 24-33 | 23 |
7. | «Energetik» FK | 22 | 4 | 3 | 15 | 14-47 | 15 |
8. | «Nebitçi» FK | 22 | 3 | 1 | 18 | 25-70 | 10 |