«Ýaşyl meýdança» gepleşiginiň nobatdakysy ýurdumyzyň futbol çempionatynyň jemlerine bagyşlandy
13 Ýanwar, 2022 ý.

14-nji ýanwarda Türkmenistanyň “Sport” teleýaýlymy bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hünärmenleriniň bilelikde taýýarlan “Ýaşyl meýdança” gepleşiginiň nobatdakysy ýaýlyma goýberiler.

Bu gepleşigiň dowamynda Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2021-iň jemleri barasynda giňişleýin gürrüň ediler. Ýeri gelende bellesek, geçen çempionatyň yzysüresi köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sport žurnalistleriniň we Ýokary liganyň futbol klublarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Milli ligamyzyň “Iň ökde oýunçysyny”, “Iň ökde tälimçisini”, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň iň ökde futbolçylarynyň 22-ligini saýlamak babatynda ýazuw arkaly pikir-soraşma geçirilipdi.

Şeýle-de, gepleşigiň dowamynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty bolan tff.com.tm saýtynyň alyp barýan işleri hakynda hem giňişleýin gürrüň ediler.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.