«Ýaşyl meýdança» gepleşiginiň nobatdakysy ýaýlyma goýberiler
22 Iýul, 2021 ý.

23-nji iýulda Türkmenistanyň “Sport” teleýaýlymy bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hünärmenleriniň bilelikde taýýarlan “Ýaşyl meýdança” gepleşiginiň nobatdakysy ýaýlyma goýberiler.

Bu gepleşigiň dowamynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guraýan bäsleşikleri hakynda giňişleýin gürrüň ediler.

Şeýle-de, gepleşigiň dowamynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty bolan tff.com.tm saýtynyň alyp barýan işleri hakynda hem giňişleýin gürrüň ediler.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.